Türkmenistan «ýaşyl tehnologiýalar» we sanlylaşdyrma ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýarlygyny tassyklady
Türkmenistan «ýaşyl tehnologiýalar» we sanlylaşdyrma ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň sanly we “ýaşyl” özgertmeler meselelerine bagyşlanan 70-nji mejlisinde eden çykyşynda belledi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Öz çykyşynda Türkmenistanyň daşary işler Ministri ýurdumyzyň bu ugurdaky giňmöçberli we uzakmöhletleýin geljege gönükdirilen işini bellemek bilen, ýurdumyzyň sanly we “ýaşyl tehnologiýalar” ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny nygtady.
Şunuň bilen birlikde, maslahata gatnaşyjylara atmosferadaky zyňyndy gazlaryň, hususan-da, metanyň azaldylmagy babatynda Türkmenistanyň amala aşyrýan anyk ädimleri, şeýle hem wodorod energetikasyny ilerletmek boýunça ýurdumyzyň halkara bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň geljegi barada habar berildi.
Türkmenistanyň daşary işler Ministri R.Meredowyň öz çykyşynda belleýşi ýaly, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň tutuş sebiti üçin sanly özgertmeleri we “ýaşyl tehnologiýalary” ulanmak babatynda üstünlikli mysal hökmünde Türkmenistanda gurlan akylly şäher - Arkadag şäheri bolup biler. Şäherde “akylly şäher” konsepsiýasynyň hem-de daşky gurşawa ähli tapgyrlarda – gurluşyk materiallarynyň önümçiliginden desgalaryň ulanylyş tapgyryna çenli zyýanlylygyň “nol” derejesini üpjün etmek çemeleşmäniň ulanylandygy bellendi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.