Habarlar

«Galkynyş» käninde tebigy gazyň ýyllyk çykarylyşy 200 mlrd kub metre deň bolar

https://ussatnews.com/storage/posts/5373/original-1644a339c2967a.jpeg

Ägirt uly «Galkynyş» gaz käninden tebigy gazyň akymyny ýylda 200 milliard kub metre ýetirmek meýilleşdirilýär. Şunuň ýaly görkezijä ýetmek ony ulanmagyň ähli 7 tapgyrynyň ýerine ýetirilmegi bilen mümkin bolar. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň tebigy gaz ylmy barlag institutynyň barlaghanasynyň müdiri Irina Lurýewa Türkmenistanyň energetika pudagyna maýa goýum çekmek boýunça Dubaýda geçýän forumda aýtdy.

«Gaz ýatagy häzirki wagtda synag-senagat ulanyş döwründe bolup, soňlugy bilen gazy almagyň depginleri artdyrylar. Häzirki wagtda biz özleşdirmegiň birinji tapgyrynda. Hemişelik alnyş döwründe tutuş gaz ýatagy boýunça gazyň ýyllyk çykarylyşy 200 mlrd kub metre ýetiriler» - diýip, Lurýewa aýtdy.

«Galkynyş» känini öwrenmegiň häzirki tapgyrynda çaklama hasaplamalary özleşdirmegiň 7 tapgyryny göz öňünde tutýar. Käni özleşdirmegiň birinji tapgyrynyň çäklerinde hereket edýän ulanyş guýularynyň gaznasynda 51 guýy bar. 10-dan gowrak guýy işjeň burawlaýyşda.

Şeýle hem gazyň ortaça taslama debitiniň günde 1,5 mln kub metr gaza deňdigi, plastyň potensial mümkinçilikleriniň bolsa, guýulary günde 2 mln kub metrden gowrak debit bilen uzak wagtlap ulanmaga mümkinçilik berýändigi bellenildi.

— Çaklamalarymyza görä, GaffneyCline kompaniýasy bilen bilelikde ýerine ýetirilen her tapgyr boýunça gazyň hemişelik alnyşynyň döwri 30 ýyldan gowrak bolar — diýip, I.Lurýewa aýtdy.

Çykyşda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda «Galkynyş» käninde Türkmenistanda CNPC kompaniýasynyň ýanyndaky Çuansin buraw inženerçilik kompaniýasynyň şahamçasynyň hünärmenleri tarapyndan üç sany täze guýynyň gurluşygy tamamlandy. Olaryň gurluşy 1-nji tapgyryň beýleki guýularyndan tapawutlanýar. Bu guýularyň dogry ýerleşdirilmegi günde 3 mln kub metr töweregi taslama debitini almaga mümkinçilik berdi.

Bellenilişi ýaly, «Galkynyş» gaz käniniň işlenip taýýarlanmagy ulanylýan tehnologiýalaryň we strategiýalaryň yzygiderli kämilleşdirilip durmagyny, ýörite detallaýyn we barlaghana tejribeleriniň geçirilmegini, ekologiýa we ykdysady nukdaýnazardan ählitaraplaýyn öwrenilmegini talap edýär.

Şonuň üçin hem türkmen hünärmenleri pikir, tejribe babatda, nou-hau babatda beýleki kompaniýalaryň gazananlaryny paýlaşmagy goldaýar.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.