BAE-niň döwlet ministri ählumumy energetika howpsuzlygynda Türkmenistanyň ornunyň artýandygyny belledi
Energetika bazaryndaky häzirki ynamsyzlyk, şeýle hem çalt depginlere eýe bolýan energetika özgerişligi uglewodorod serişdeleriniň durnukly we ynamly üpjün edijisi hökmünde we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän we durnukly çeşmeleriniň ösdürilmegini goldaýan ýurt hökmünde Türkmenistanyň bütindünýä energetika howpsuzlygyny saklamakda möhüm ornuny has hem pugtalandyrýar. Bu barada BAE-niň döwlet ministri, Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) direktorlar geňeşiniň agzasy, Abu-Dabiniň ösüş Gaznasynyň baştutany Ahmed Ali Al Saýed beýan etdi.
Onuň pikirine görä, Türkmenistanyň şunuň ýaly ähmiýetliligi diňe artar.
Türkmenistanyň Dubaýdaky nebit-gaz maýa goýum forumynyň umumy sessiýasynda çykyş etmek bilen, ol Türkmenistanyň energetika pudagynda iki onýyllykdan bäri hereket edýän BAE-niň maýa goýumlarynyň üsti bilen türkmen ykdysadyýetinde öz kompaniýalarynyň bar bolmagyny giňeldýär diýip belledi.
Ahmed Ali Al Saýed depginli ösüşe eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň energiýanyň bütindünýä üpjün edijisi hökmünde Türkmenistanyň ýagdaýyny diňe güýçlendirjekdigine ynam bildirdi.
Energetika sektoryndan başga-da, BAE Türkmenistan bilen beýleki strategiki ugurlarda, portlaryň ösdürilmegi, ulag we logistika, şeýle hem howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly wezipeleri çözmek babatynda ýakyn hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr.
BAE-niň döwlet ministri 2023-nji ýylyň fewralynda we 2022-nji ýylyň noýabrynda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň degişlilikdäki BAE-ne saparlarynyň konstruktiw we dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläkde giňelmegine ýardam etdi diýip, nygtady.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.