Türkmenistanyň BAE-däki ilçisi: emirlikleriň işewürliginiň türkmen bazarynda ornuny berkitmekde gyzyklanmasy artýar
Soňky ýyllarda Türkmenistan gaz şahalary Hytaýa, Russiýa, Azerbaýjana, Gazagystana, Özbegistana we Eýrana uzaýan sebitde iri gaz merkezi hökmünde ornuny has hem berkitdi. Ýurdumyz gaz ugurlarynyň eksportynyň çäklerini giňeltmegiň üstünde işleýär. Bu barada Türkmenistanyň BAE-däki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Serdarmämmet Garajaýew Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça 26-27-nji aprelde Dubaýda geçirilen halkara forumda eden çykyşynda belledi.
Diplomatyň aýtmagyna görä, bu günki gün energetiki Ýüpek ýoly emele gelýär. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmek bilen, Merkezi Aziýa dünýäniň energetika arhitekturasynyň emele gelmeginde has uly rol oýnap başlady.
Merkezi Aziýa dünýä iň iri nebit we gaz ätiýaçlyklaryna eýe. Bu kanunalaýyklyk hem onuň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde aýratyn ornuny, dünýä jemgyýetçiliginiň sebitimize ünsüniň artmagyny şertlendirýär diýip, Türkmenistanyň ilçisi belledi.
Garajaýew şeýle hem energetika we ulag geçelgesi hökmünde Hazaryň artýan täsirini belledi. Häzirki wagtda täze çeşmeleri gözlemek, ilkinji nobatda, Hazar deňzi sebitinden gazy gözlemek meselesi bar.
Birleşen Arap Emirlikleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary häsiýetlendirmek bilen, ilçi bu ýurtduň Türkmenistanyň öňden gelýän hem iri söwda-ykdysady hyzmatdaşly bolup durýandygyny belledi.
Garajaýewiň bellemegine görä, geljegi uly türkmen bazarynda öz ornuny berkitmek babatda emirlikleriň işewürleriniň gyzyklanmasy barha artýar. Bu Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän maýa goýum syýasaty, ýurtda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler we taslamalar bilen şertlendirilendir.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ýangyç-energetika toplumy durýar diýip, diplomat belledi. Bu ugurda ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan Türkmenistan tebigy gazy eksport ediji döwletleriň biri bolup durýar. Önümleri halkara bazarlaryna çykarylýan gazhimiýa pudagy hem ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz BAE-niň öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmäge taýýar.
Garajaýewiň belleýşi ýaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň noýabr aýynda we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň fewral aýynda Birleşen Arap Emirliklerine saparlary goşmaça itergi berdi. Ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça birnäçe ylalaşyklar baglaşyldy.
Şolaryň hatarynda «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen «Abu Dhabi Future Energy Company – Masdar» kompaniýasynyň arasynda Türkmenistanda energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek boýunça özara gatnaşyk etmek hakynda Ähtnama, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda gol çekilen Ähtnama bar.
Taraplar şeýle hem «Türkmengaz» döwlet konserni bilen ADNOC-yň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen Ähtnamanyň düzgünlerini durmuşa geçirmegiň zerurlygyny nygtadylar. Şeýle hem resminamalarda türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna çykarmagyň möhüm ähmiýeti bellenilýär. Şu maksatlar bilen taraplar nebitgaz ulgamyndaky bilelikdäki taslamalary hem goldaýarlar.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.