Dubaýda OGT-2023 Halkara forumy täze hyzmatdaşlary ýüze çykardy, hyzmatdaşlyk üçin täze serhetleri açdy
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça 26-27-nji aprelde Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen halkara forum dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekillerini jemledi we nebitgaz pudagy üçin täze hyzmatdaşlary ýüze çykardy, bar bolan aragatnaşyklary giňeltmek üçin täze sepgitleri açdy. Bu barada göçme foruma gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýüzlenmesinde aýdylýar.
Forumyň iki gününiň dowamynda ýangyç-energetika toplumynyň sebit we ählumumy meseleleri boýunça, şol sanda uglewodorodlary çuňlaşdyryp gaýtadan işlemek, maýa goýumlaryny çekmek, türkmen energiýa geçirijilerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, ýurduň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Şeýle hem Ýüzlenmede uglewodorodlaryň ägirt uly goruna eýe bolan Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlaryny çekmekde geçirilen forumyň ähmiýeti bellenilýär.
BAE-de geçirilen maýa goýum forumynyň wekilleri bu çäräniň Türkmenistanyň energetika pudagynyň kärhanalarynyň daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyny berkitmekde uly ýardam etjekdigine berk ynam bildirdiler.
Forumyň netijeli işi ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklaryny we ygtybarly maýa goýum şertlerini görkezdi, toplanan tejribe bilen tanyşmak mümkinçiligini üpjün etdi.
Forumyň bölümlerinde edilen çykyşlarda geljekki ählumumy energetikada Türkmenistanyň artýan orny bellenildi, energetika pudagyna maýa goýum goýmak mümkinçilikleri, uglewodorod känlerini özleşdirmekde ekologiýa ulgamyndaky talaplar, şeýle hem Türkmenistanda energiýanyň täze çeşmeleriniň diwersifikasiýasyny maliýeleşdirmeklik maslahatlaşyldy.
Forumyň münberinden Türkmenistanda uglewodorodlaryň çykarylyşy we gaýtadan işlenilişi, Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky känleriň özleşdirilişi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy barada maglumatlar aýdyldy. «Galkynyş» ägirt uly gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmek işlerini maliýeleşdirmek mümkinçilikleri barada aýdyldy.
Forumyň wekilleri şeýle hem gaz geçirijileriň eksport mümkinçilikleri barada, gazy gaýtadan işlemeklige we gazhimiýa senagatyna maýa goýumlar, «ýaşyl» energetikanyň geljegi uly ugurlary barada teklipleri öwrendiler we pikir alyşdylar.
Forumyň barşynda Türkmenistanda iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde daşky gurşawy goramak meselelerine aýratyn üns berildi, bu bolsa ýurdumyzyň bu ulgamda öz üstüne alan borçnamalaryna gyşarnyksyz ygrarlydygyny subut edýär.
Foruma gatnaşyjylaryň pikirine görä, onuň işi netijeli boldy, çünki ol tejribe alyşmaga, nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge we giňeltmäge mümkinçilik berdi.
Şeýlelikde, Aşgabatda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda hem Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň başlangyjy bilen geçirilýän halkara nebitgaz maslahatlary we forumlary Türkmenistanyň dünýäniň energetika giňişligine işjeň goşulmagynda möhüm ähmiýete eýe.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.