Nebitgazçylar toparynyň ynamly ýeňşi
Ýurdumyzda ýokary netijeli sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmeklige, ýaş türgenleri kämilleşdirmeklige, sagdyn durmuşy wagyz etmeklige uly üns berilýär. Şu maksatdan ugur alyp, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem sportuň dürli görnüşlerinde bäsleşikler yzygiderli geçirilýär.
Ýakynda 2010 — 2014-nji ýyllarda doglan ýaş türgenleriň arasynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebiniň guramagynda şaýbaly hokkeý boýunça geçirilen açyk birinjiligi hem şeýle ýaryşlaryň biridir. Şaýbaly hokkeý boýunça geçirilen birinjilikde «Türkmengaz» DK-nyň «Türkmengazawtomatika» müdirliginiň «Oguzhan» hokkeý kluby aýratyn tapawutlandy. «Oguzhanyň» ýaş türgenleri ähli garşydaşlaryny uly hasap bilen ýeňmegiň hötdesinden geldiler. Geçirilen duşuşyklarda nebitgazçylaryň topary Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Şir» toparyny 10:2, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Bürgüt» toparyny 15:2, Içeri işler ministrliginiň «Galkan» toparyny 14:2 hasap bilen ýeňmegi başardy. «Oguzhan» toparynyň oýunçysy Dawut Adylowyň ýaryşyň iň ökde hüjümçisi diýlip yglan edilendigini hem bellemelidir.
Duşuşyklaryň netijesi «Oguzhanyň» düzümindäki türgenleriň has zehinlidigini, taýýarlyk derejesiniň güýçlüdigini aýan edýär. Geljekde Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde oýnajak ýaş hokkeýçileriň öňünde uly wezipeler durýar. Biz olaryň ýurdumyzyň ýaşyl tuguny belentde parladyp, bäsleşiklerde, şol sanda halkara ýaryşlarynda ýeňişli ýollaryny dowam etjekdigine pugta ynanýarys.
Döwlet NAZAROW,
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazawtomatika» müdirliginiň «Oguzhan» hokkeý klubunyň başlygynyň orunbasary.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.