Duşenbe şäherinde Türkmenistan bilen Täjigistanyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy
Duşenbe güni Täjigistanyň paýtagtynda Türkmen-täjik işewürlik maslahaty, işewürler geňeşiniň birinji mejlisi hem-de iki ýurduň eksport harytlarynyň bilelikdäki sergisi geçirildi. Bu çäreler Türkmenistanyň we Täjigistanyň özara bähbitli gatnaşyklaryny has-da giňeltmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.
Duşenbe şäherine baran türkmen wekiliýetiniň düzümine ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylym ulgamynyň hem-de işewürler düzüminiň ýolbaşçylary girdi.
Sergide ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň, senagat, energetika, dokma pudagynyň, gurluşyk, binagärlik, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ulgamlarynyň gazananlary, hususy kompaniýalaryň onlarçasynyň ýokary hilli önümleri, dürli ugurlar boýunça hödürleýän hyzmatlary görkezildi. Bularyň ählisi Türkmenistanda eksport harytlarynyň mukdaryny artdyrmak bilen bagly wezipeleriň üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär.
Türkmen-täjik işewürlik maslahatynyň gün tertibine iki ýurduň söwda-ykdysady, eksport we maýa goýum mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy girizildi.
Çykyşlarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň halklarymyzyň arasyndaky däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berýändikleri nygtaldy.
Taraplar pikir alyşmalaryň çäklerinde iki ýurduň mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň işine uly orun berilýär.
Işewürlik maslahatyna gatnaşyjylar şu gün gazanylan ylalaşyklaryň söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.
Işewürlik maslahatynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Täjigistan Respublikasynyň birnäçe döwlet kärhanalarynyň we hususy düzümleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda 20-den gowrak resminama gol çekildi.
Täjigistan Respublikasynyň Milli kitaphanasynyň kiçi mejlisler zalynda Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi. Oňa iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň hem-de beýleki degişli düzümleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.
Nygtalyşy ýaly, ykdysadyýetlerini bazar gatnaşyklarynyň ýörelgeleri esasynda ösdürýän Türkmenistanda we Täjigistanda telekeçiligi netijeli hem-de depginli öňe ilerletmek üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe, durmuş şertleri döredildi. Munuň şeýledigi salgyt ulgamynyň kämilleşdirilmeginde, eksport-import amallaryny geçirmegiň ýönekeýleşdirilmeginde, ýeňillikli karzlaşdyrmakda öz beýanyny tapýar.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.