Türkmenistanda Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar geçirildi
9-njy maýda Türkmenistanda «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirildi.
Halk Maslahatynyň agzalary, milli parlamentiň deputatlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, kümüş saçly eneler, zähmet toparlarynyň wekilleri, şeýle hem paýtagtymyzyň ýaşaýjylary, myhmanlary 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda wepat bolan gahrymanlara bildirilýän çuňňur hormatyň nyşany hökmünde ýadygärligiň etegine gül desselerini goýdular.
Bellenilişi ýaly, müňlerçe türkmen esgerleri doganlyk halklaryň wekilleri bilen bilelikde söweş meýdanlarynda edermenligi, gaýduwsyzlygy hemra edinip, öz janlaryny gaýgyrman söweşdiler. Şolaryň hatarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garry atasy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň bolandygyny bellemeli. Onuň ömür ýoly häzirki türkmen ýaşlary üçin watansöýüjiligiň, gaýduwsyzlygyň, belent borja wepalylygyň nusgasyna öwrüldi.
9-njy maýda baýramçylyk dabaralary Türkmenistanyň ähli künjeginde ýaýbaňlandyryldy. Şäherleriň we obalaryň ýaşaýjylary 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gahrymanlarça wepat bolan Watanymyzyň edermen goragçylaryna hormatyň nyşany hökmünde milli gahrymanlaryň hatyrasyna dikeldilen ýadygärliklere gül desselerini goýdular.
Şol gün A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus mekdebinde «Baky polk» ýörişi geçirildi. Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralan bu çärä 1200-e golaý adam — mekdep okuwçylary we mugallymlar gatnaşdy. Olar Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan ata-babalarynyň, beýleki garyndaşlarynyň suratyny alyp çykdylar.
Duşuşykda Türkmenistanyň Beýik Watançylyk urşunda ýeňiş gazanmak üçin goşan goşandy bellenildi. Umumylykda frontda 300 müňden gowrak türkmen esgeri iberildi. Şolardan 70 müňden gowrak esger orden medallar bilen sylaglanyldy. Türkmenistanyň 104 sany ýaşaýjysy «Sowet Soýuzynyň Gahrymany» ýokary derejesini aldylar, 15 adam «Şöhrat» ordeniniň doly kawalerleri boldy.
Taryhçylaryň maglumatlaryna görä, türkmenistanlylar Goranyş gaznasyna 170 million rubl nagt görnüşde beripdirler. Aýal-gyzlar front zerurlyklary üçin 7,5 tonna altyn-kümüş bezeglerini beripdirler. Şol önümler 5 sany tank kolonnasynyň we 7 sany söweşjeň uçar eskadriliýasynyň önümçiliginde peýdalanyldy.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.