Habarlar

Aşgabatda iýunda «Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähtleri» halkara ylmy maslahaty geçiriler

https://ussatnews.com/storage/posts/5432/original-1645e08e430618.jpeg

Türkmenistanda «Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähtleri» atly halkara ylmy maslahatyna taýýarlyk işleri başlandy. Maslahaty iýun aýynyň ortalarynda geçirmek meýilleşdirilýär, häzir bolsa forumyň gün tertibi düzülýär hem-de prezentasiýa teklipleri kabul edilýär.

«Häzirki wagtda biz maslahatyň gün tertibiniň taslamasynyň üstünde işleýäris we golaýda ony köpçülige ýetireris. Häzirlikçe bolsa maslahatyň temasy bilen bagly prezentasiýalar boýunça teklipleri kabul edýäris. Şeýle hem daşary ýurtly wekilleriň ählisine wiza goldawy berler» - diýlip çäräniň guramaçylarynyň habarynda aýdylýar.

Ylmy maslahatyň işine halkara guramalarynyň, akademiki we diplomatik gulluklaryň wekilleri, ekologlar, maýadarlar, maliýeçiler, ylmy-barlagçylar we beýlekiler gatnaşar.

Çäräniň guramaçylary bolup «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy «Turkmen Forum» HJ we Gaffney Cline britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.

«Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähtleri» atly halkara ylmy maslahaty ylmy barlaglaryň we iň gowy tejribeleriň esasynda uglewodorodlary ekologiýanyň zerur talaplaryny berjaý edip işläp taýýarlamaga ýardam eder.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.