Habarlar

Türkmenistanda nebitgaz toplumyna täze wise-premýer bellenildi

https://ussatnews.com/storage/posts/5444/original-16461cf87dcdba.jpeg

Türkmenistanda ýangyç-energetika toplumynyň meseleleri boýunça täze wise-premýer wezipesine Amanow Batyr Amangeldiýewiç bellenildi. Ondan öň ol «Türkmengaz» döwlet konsernine ýolbaşçylyk edýärdi.

Degişli Permana Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 13-nji maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çekdi.

Nebitgaz toplumy boýunça wise-premýer wezipesinde Batyr Amanow Aşyrguly Begliýewiň ýerine geçdi. A.Begliýew Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi bellenildi.

Batyr Amangeldiýewiç AMANOW

1978-nji ýylda Aşgabat şäherinde doguldy. Ýokary bilimli. 2009-njy ýylda şol wagtky Türkmen politehniki institutyny geodeziýa inženeri hünäri boýunça tamamlady.

1994-nji ýylda Aşgabat çaphanasynda ilki çapçynyň şägirdi, soňra çapçy bolup zähmet ýoluna başlady. Şol ýerde 1998 — 2000-nji ýyllar aralygynda kompýuter operatory bolup işledi.

Ýokary okuw mekdebini tamamlandan soňra, 2009 — 2012-nji ýyllarda “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň “Türkmenýöritenebitgazgurnama” trestiniň mehanizmleşdirilen işleriň ýöriteleşdirilen müdirliginiň ussasy, ulaglary we mehanizmleri ulanyş bölüminiň esasy hünärmeni, mehanigi bolup zähmet çekdi. 2012-2013-nji ýyllarda “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Türkmengazakdyryş” birleşiginiň düýpli gurluşyk bölüminiň esasy inženeri bolup işledi.

2013 — 2017-nji ýyllar aralygynda “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň turbageçiriji gurluşygy bölüminiň baş hünärmeni, şol bölümiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji. 2017-2018-nji ýyllarda “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Türkmengazakdyryş” birleşiginiň başlygynyň düýpli gurluşyk boýunça orunbasary.

2018-2019-njy ýyllarda “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary. 2019-2020-nji ýyllarda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory bolup işledi.

2020-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy.

“Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna” atly ýubileý medaly we “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly bilen sylaglanyldy.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.