«Türkmengaz» döwlet konsernine täze başlyk bellenildi
Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy wezipesine Maksat Babaýew bellenildi. Ondan öň, ol konserniň başlygynyň orunbasary wezipesini ýerine ýetirýärdi.
Degişli Permana Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen şenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.
Öň, 2017-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Maksat Babaýew «Türkmengaz» DK ýolbaşçylyk edipdi. 2017-nji ýylyň aprelinden 2018-nji ýylyň aprelinde çenli bolsa ol nebitgaz meseleleri boýunça wise-premýer boldy.
Maksat Mämmetsaparowiç BABAÝEW
1974-nji ýylda Aşgabat şäherinde doguldy. Ýokary bilimli. 1996-njy ýylda şol wagtky Türkmen politehniki institutyny dag inženeri hünäri boýunça tamamlady.
1991-nji ýylda Türkmen politehniki institutynyň laboranty bolup zähmet ýoluna başlady. 1997-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda “Türkmennebitgaz” döwlet söwda korporasiýasynyň gaztehniki gözegçilik müdirliginiň baş hünärmeni bolup işledi. 1999 — 2005-nji ýyllarda “Türkmennebitgaz” döwlet söwda korporasiýasynyň “Türkmen- gazakdyryş” birleşiginiň düýpli gurluşyk bölüminiň inženeri, baş hünärmeni, merkezi dispetçer gullugynyň uly dispetçeri, Aşgabat bölüminiň başlygynyň orunbasary bolup zähmet çekdi.
2005 — 2009-njy ýyllarda “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Nebitgaz- howpsuzlyk” müdirliginiň gaztehniki gözegçilik gullugynyň başlygy. 2009 — 2011-nji ýyllarda “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Türkmengazüpjünçilik” birleşiginiň “Aşgabatgaz” müdirliginiň başlygy.
2011-2012-nji ýyllarda “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Türkmengazakdyryş” birleşiginiň başlygy. 2012 —
2017-nji ýyllarda “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary.
2017-nji ýylyň ýanwaryndan aprel aýyna çenli Türkmenistanyň döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy wezipesinde işledi.
2017-nji ýylyň aprelinden 2018-nji ýylyň apreline çenli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary.
2018-nji ýylyň aprelinden 2023-nji ýylyň fewralyna çenli “Türkmengaz” döwlet konsernine degişli edaralarda we kärhanalarda dürli wezipelerde zähmet çekdi.
2023-nji ýylyň fewralyndan bäri “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.