Habarlar

«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

https://ussatnews.com/storage/posts/5448/original-164639ddd1f3ce.jpeg

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» atly syýasy-jemgyýetçilik we ylmy-publisistik žurnalynyň 2023-nji ýyldaky birinji sany çapdan çykdy.

Žurnalyň bu gezekki sanynda alymlaryň, tejribeli bilermenleriň garaýyşlary, häzirki ýagdaýlara berýän seljermeleri, çaklamalary, statistiki maglumatlary we deliller bilen tanyşmak bolýar. Önümçilige döwrebap çemeleşmeler, şeýle hem türkmen alymlarynyň alyp barýan barlag işleri baradaky makalalar okyjylary özüne çeker .

Neşiriň täze sanyndaky makalalar energetika diplomatiýasyna, onuň çeşmeleri we taryhy, Hazar deňziniň türkmen böleginiň geologik gurluşy hem-de nebitgazlylyga bolan geljegi, Bagaja seňňeriniň, oňa ýanaşyk meýdanlaryň demirgazyk böleginde uglewodorodlaryň toplanmasy üçin oňyn şertleri bolan abýekitleri ýüze çykarmak, Gögerendag-Ekerem zolagynyň miosen çökündileriniň anomal ýokary gatlak basyşlaryny çaklamagyň esasynda önümli gatlaklary oňaýly şertlerde açmak, 3D seýsmiki barlag we guýy geofiziki maglumatlaryny toplumlaýyn teswirlemek arkaly Gündogar Gamyşlyja meýdançasynyň aşaky gyzylreňk çökündilerinde gazkondensat ýataklaryny öwrenmek bilen bagly ylmy barlaglara, seljermelere daýanýar. Ondan başga-da senagat nusgalarynyň hukuk goragynyň esaslary, uglewodorod bazarlarynda Türkmenistanyň nebit önümleri, Garaşsyz döwletimiziň daşary ýurtlar bilen halkara gatnaşyklarynyň esasy ugurlary hakynda syýasy-jemgyýetçilik makalalara giň orun berlipdir.

Milli mykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagy bolan nebitgaz toplumynyň žurnalynyň täze sanyndaky makalalar ylmy işgärler, nebitgazçy hünärmenler bilen birlikde okyjylaryň giň köpçüliginde hem gyzyklanma döredip biler.

Gysgaça aýdylanda, nebitgaz toplumynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny açyp görkezýän ýörite neşirde nebitgaz toplumynyň pudaklaryny, önümçiligini pugtalandyrmakda öňde duran wezipeler, alnyp barylýan işler, alymlaryň we hünärmenleriň pikirleri, ylma esaslanýan barlaglary beýan edilýär.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.