Habarlar

Türkmenistanyň we Hytaýyň Liderleri ählitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlylygyny tassykladylar

https://ussatnews.com/storage/posts/5459/original-164676272893aa.jpeg

“Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmak üçin 18-nji maýda Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň paýtagtyna iş sapary bilen baran Prezident Serdar Berdimuhamedow HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen gepleşikleri geçirdi diýip, TDH habar berýär.

Şu günki ýokary derejedäki duşuşyk şu ýyldaky ikinji duşuşykdyr diýip, hytaý Lideri aýtdy we Hytaýyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň ýanwarynda HHR-e bolan döwlet saparynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Şol saparyň netijeleri boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy hem-de hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen resminamalaryň ençemesine gol çekildi.

Türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmek biziň halklarymyzyň bähbitlerine doly laýyk gelýär diýip, HHR-iň Başlygy Si Szinpin nygtady we strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmek üçin bilelikdäki tagallalaryň ediljekdigine ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan açyk we ynanyşmak häsiýetli netijeli gepleşikler türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmegiň esasy şerti bolup hyzmat edýär. Hut Türkmenistan bilen Hytaýyň Baştutanlarynyň yzygiderli duşuşyklary biziň ýurtlarymyzyň, halklarymyzyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen uly möçberli, uzak möhletli başlangyçlara kuwwatly syýasy itergi berýär.

Iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hem ýangyç-energetika pudagydyr. Mälim bolşy ýaly, gol çekilen şertnamalara we ylalaşyklara laýyklykda, 2009-njy ýyldan bäri Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi boýunça Hytaýa türkmen tebigy gazy bökdençsiz iberilýär. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň energiýa serişdelerini halkara bazarlara ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmaga esaslanan energetika syýasatyny alyp barýandygyny nazara almak bilen, bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, ulag-kommunikasiýa ulgamynda hem özara gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikler bar.

Iki ýurduň hünärmenleri Gündogar — Günbatar ugry boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek babatda hyzmatdaşlyk edýärler. 2014-nji ýylda Demirgazyk — Günorta demir ýol şahasynyň işe girizilmegi bilen, Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ugry boýunça demir ýol konteýner gatnawlary ösüşe eýe boldy. Bu ugur Ýakyn Gündogara hytaý harytlaryny eksport etmekde iň gysga gury ýer gatnawy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda Hytaýdan Türkmenistanyň üsti bilen Ýewropa, Ýakyn Gündogara üpjünçilik ulgamlaryny, hususan-da, Hazar deňzindäki Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny peýdalanyp, demir we awtomobil ýollary, howa gatnawlary, deňiz ugurlary bilen bilelikde ulaglaryň ähli görnüşi boýunça ýükleri daşamak mümkinçiligini doly açmak üçin bilelikdäki tagallalary gönükdirmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Bellenilişi ýaly, iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň hili we möçberi görnetin artdyrylyp, hakyky şertlere, bar bolan mümkinçiliklere laýyk bolmalydyr. Şunda anyk taslamalara çykyp, iki ýurduň geografik hem-de üpjünçilik ulgamyndaky artykmaçlygyny peýdalanmagyň, täze ugurlary, şol sanda çig mala bagly bolmadyk we ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda we beýlekilerde täze ugurlary gözlemegiň zerurdygy nygtaldy.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.