Habarlar

Türkmenistanyň wekiliýeti Kazandaky forumda ulag, logistika we senagat ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy

https://ussatnews.com/storage/posts/5465/original-1646b9c2a0176a.jpeg

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum2023» XIV Kazan Halkara ykdysady forumyna gatnaşdy diýip, Türkmenistany DIM-niň saýty habar berýär.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesiniň ösüşi hakynda» we «Russiýa we Türkmenistanyň arasynda senagat, ulag we logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin infrastruktura şertleri» atly mejlislerde çykyş etdi. Olaryň barşynda ulag, logistika we senagat ulgamlarda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň wekiliýeti «Russia Halal Expo» halkara sergi görkezilişiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Sergide Türkmenistanyň ugurdaş ulag edaralarynyň diwarlyklary, şeýle hem türkmen öndürijileriniň önümleri görkezildi.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary M.Husnullin we RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany R.Minnihanow bilen duşuşyklary geçirildi,

Şeýle hem forumyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň «Kamaz» PJ-niň baş direktory S.Kogogin, «Ak Bars» holding kompaniýasy» PJ-niň baş direktory I.Ýegorow, Stats-sekretar, RF-niň ulag ministriniň orunbasary D.Zwerew, şeýle hem «MFA Lojistik» türk kompaniýasynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi.

Türkmenistanyň wekiliýeti şeýle hem Owganystanyň senagat we söwda ministri Nuriddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýeti bilen hem duşuşyk geçirdi. Onuň barşynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy.

Kazana saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti «Russiýa – Yslam dünýäsi» strategiki görüş toparynyň mejlisiniň işine hem gatnaşdy.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.