Habarlar

Ýanwar-aprel aýlarynda TNGIZT-de 1 mln 526 müň tonna nebit gaýtadan işlenildi

https://ussatnews.com/storage/posts/5480/original-1646e31f0d79c0.jpeg

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda gelen 1 mln 554 müň tonna çig nebitiň 1 mln 526 müň tonnasy gaýtadan işlenildi. Şol bir wagtda meýilnama 53 müň 500 tonna we 48 müň 700 tonna nebit möçberinde artygy bilen ýerine ýetirildi.

Dört aýda kärhana tarapyndan öndürilen benziniň dürli görnüşleriniň umumy möçberi 512,5 müň tonnadan geçdi, meýilnama 108 göterim ýerine ýetirildi. Geçen döwürde kerosin önümçiligi boýunça meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 110,1 göterim, dizel ýangyjy – 109,7 göterim, suwuklandyrylan gaz – 236,4 göterim, nebit bitumy – 1,5 esseden köp amala aşyryldy.

TNGIZT-de «Türkmenistanda öndürilen» belgisi bilen öndürilýän nebithimiýa önümleriniň ähli görnüşleri diňe bir içerki däl, eýsem daşarky bazarlarda hem uly islegden peýdalanýar.

Belläp geçsek, 2023-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodyň sarp edijilere ilkinji harytlyk önümini iberip başlanyna 80 ýyl dolýar. Ägirt uly möçberde döwlet maýa goýumlarynyň netijesinde bu ýerde çig nebitden harytlyk nebitiň dürli görnüşlerini öndürýän täze zawodlar işe girizildi, şeýle hem üpjünçilik düzümleriniň döwrebap desgalary döredildi.

Häzirki wagtda TNGIZT-de etilirlenmedik motor ýaglary, awiasion we tehniki kerosin, reaktiw we dizel ýangyjy, mazut, motor ýaglary, polipropilen, peç ýangyjy, ýeňil gazoýl, nebit elektrod koksy, suwuklandyrylan gaz, gurluşyk we ýol bitumy we birnäçe beýleki nebit önümleri öndürilýär. Bu önümler ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini düýpli ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.