Habarlar

BMG-niň missiýasynyň ýolbaşçysy bilen gepleşiklerde Owganystany dikeltmek boýunça halkara özara gatnaşyklaryň meseleleri maslahatlaşyldy

https://ussatnews.com/storage/posts/5496/original-16470ae959872f.jpeg

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýewiň “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” formatynda Owganystan boýunça ýörite wekilleriň duşuşygyna gatnaşmak üçin Aşgabada iş sapary bilen gelen BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň (UNAMA) başlygy Roza Otunbaýewa bilen geçiren gepleşiklerinde Owganystany dikeltmek bilen bagly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde halkara gatnaşyklarynyň meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

W.Hajiýewiň bellemegine laýyklykda, Türkmenistan goňşy ýurduň howpsuzlygyna we durnuklylygyna, şeýle hem onuň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine uly gyzyklanma bildirýär. Şu nukdaýnazardan, Owganystan meselesi boýunça ýurtlaryň we BMG-niň arasynda giň özara hyzmatdaşlygyň amala aşyrylmalydygyna, ilki bilen, UNAMA bilen ýakyn gatnaşyklaryň saklanylmalydygyna üns çekildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan özüniň hemişelik bitaraplyk derejesine ygrarly bolmak bilen, Owganystandaky syýasy hem-de durmuş-ykdysady ýagdaýy durnuklylaşdyrmak boýunça halkara bileleşiginiň tagallalaryna goşant goşmak nukdaýnazaryndan netijeli işleri alyp barýan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň biridir.

Türkmenistan yzygider ýagdaýda Owganystana ynsanperwer ýüklerini ugradýar, durmuş ähmiýetli desgalary gurýar, ilata lukmançylyk kömegini berýär. Şeýle hem bellenilişi ýaly, Türkmenistan TOPH gaz geçirijisini we TOP elektrik geçirijisini gurmak, demir ýollary abatlamak, täze ýollary gurmak we ş.m. taslamalary amala aşyrmak arkaly goňşy ýurdy ykdysady taýdan dikeltmek üçin ýardam berýär.

Taraplar Owganystanyň dikeldilmegi we bu ýurduň dünýä hojalyk ulgamlaryna goşulyşmagy bilen bagly bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak nukdaýnazaryndan mundan beýläk hem giň halkara hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirdiler.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.