Habarlar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Türkiýäniň Prezidenti iki ýurduň hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ygrarlylygyny tassykladylar

https://ussatnews.com/storage/posts/5502/original-16475939fba4a8.jpeg

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanylan Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy diýip, TDH agentligi habar berýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylan Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bilen mähirli salamlaşyp, ony türk halkynyň durmuşyndaky iň taryhy gün, demokratiýa eradasy esasynda gazanan syýasy üstünligi we ýeňşi mynasybetli türkmen halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan we maşgalasynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady.

Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanylan Prezidenti gutlaglar üçin hoşallyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça netijeli çäreleri mundan beýläk-de durmuşa geçirjekdigini, ýola goýlan döwletara hyzmatdaşlygy hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen başlangyçlary we tagallalary goldajakdygyny aýtdy.

Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň okgunly häsiýeti kanagatlanma bilen bellenildi hem-de birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak, uzak möhletleýinlik we ysnyşykly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guralýan köpugurly gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alşyldy.

Söhbetdeşler iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmäge berk ygrarlydygyny tassyklap, ynanyşmaga, birek-birege hormat goýmaga, şeýle-de özara düşünişmäge esaslanýan gatnaşyklaryň ähli ulgamlarda köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa mundan beýläk-de öňegidişlik hem-de gülläp ösüş arzuw etdiler.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.