Habarlar

Seýed Raisiniň çakylygy boýunça Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýrana iş sapary başlandy

https://ussatnews.com/storage/posts/5504/original-16475f43975fdd.jpeg

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasyna ugrady diýip, TDH habar berýär.

Tähran şäheriniň iki dostlukly ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy EYR-nyň resmi adamlary hem-de ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz EYR-nyň Ýol we şäher gurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaş bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, goňşy ýurtlar, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm üns berilýändigini belledi.

Söhbetdeşler duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýandygyny bellediler.

Bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamynda iki döwletiň arasynda ýola goýlan gatnaşyklar ykdysadyýetleriň pugtalandyrylmagynda, şeýle hem özara düşünişmek esasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir.

Öň Eýranyň Prezidenti Seýed Raisi türkmen halkynyň Milli Liderine iberen hatynda Gurbanguly Berdimuhamedowy öz ýurduna sapar bilen gelmäge çagyrdy. Şol bir wagtda Eýranyň Baştutany hatynda şeýle belledi: «Iki döwletiň arasynda halkara we ikitaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygy, hususan-da, üstaşyr ibermek, suw we energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmekde Türkmenistanyň eýeleýän tutanýerli orny üçin hoşallygymy beýan edýärin. Ýaňy-ýakynda Eýran Yslam Respublikasynyň üsti bilen geçirilýän gazyň mukdarynyň köpeldilmegi munuň aýdyň mysalydyr».

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.