Türkmenistanyň Prezidenti «Daewoo E&C Co., Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy
Duşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we müdiriýetiniň başlygy Jong Won-jun bilen duşuşygynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.
Işewür ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan hem-de durmuş-ykdysady ösüşde üstünlik gazanan ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýändigini nygtady. Döwlet Baştutany türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Duşuşygyň dowamynda «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň biziň ýurdumyza şu gezekki saparynyň türkmen kärdeşleri bilen anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilen hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alyşmak üçin oňyn mümkinçilik açjakdygyna ynam bildirildi.
Şunuň bilen baglylykda, iri koreý kompaniýalarynyň türkmen bazarynda üstünlikli işleýändikleri, iri taslamalaryň, şol sanda gaz we himiýa senagatynda taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandyklary bellenildi. Şunda mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyk, täze ugurlara çykmak üçin uly kuwwatyň bardygy nygtaldy.
Himiýa senagaty hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Bu pudagy ösdürmegiň milli strategiýasy ýerli çig malyň netijeli peýdalanylmagyna, içerki we daşarky bazarlarda uly islege eýe bolan ýokary hilli önümleriň öndürilmegine gönükdirilendir. Şunda innowasion häsiýetli enjamlaryň netijeli peýdalanylmagyna, ekologik kadalaryň berk berjaý edilmegine aýratyn üns berilýär. Türkmenistan ylmyň we tehnikanyň ýokary gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagyna uly gyzyklanma bildirýär.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň arasynda bu ugurda ýola goýlan netijeli gatnaşyklar üstünlikli hyzmatdaşlygyň oňyn mysaly hökmünde görkezildi.
Türkmenistanyň himiýa senagatyny ösdürmek, hususan-da, fosfor, ammiak hem-de karbamid dökünlerini öndürmek boýunça taslamalary düzmek we olary gurmak boýunça koreý hyzmatdaşlarynyň tekliplerine garamaga taýýardygy bellenildi.
Ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleri nazara almak bilen, koreý kompaniýalarynyň “akylly” şäherleri gurmak hem-de olary dolandyrmak, ýokary tehnologiýalary ulanmak boýunça toplan öňdebaryjy tejribesi, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda gazananlary biziň ýurdumyzda uly gyzyklanma döredýär.
Mundan başga-da, Türkmenistan nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.