Habarlar

Türkmen halkynyň milli Lideri Arkadag şäherinde ulanylmagy meýilleşdirilýän elektrobuslar we elektromobiller bilen tanyşdy

https://ussatnews.com/storage/posts/5523/original-1647c2a9d2a65d.jpeg

3-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy – Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Mähriban Arkadagymyzy ulanylmagy meýilleşdirilýän döwrebap elektrobuslar we elektromobiller bilen tanyşdy hem-de olary barlap, synag edip gördi.

Häzirki zaman elektromobiliniň ýene-de bir uly aýratynlygy onuň gapysynda kýu-ar (QR) kodunyň bolmagydyr. Şonuň kömegi bilen Internet ulgamy arkaly elektromobil taksisi barada, hususan-da, onuň tehniki häsiýetnamalary, sürüjisi, ulagyň şäheriň haýsy künjeginde hereket edýändigi we ençeme beýlekiler barada doly maglumatlary alyp bolýar.

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ulaglar üçin ýörite köp orunly duralgalaryň gurulmagy meýilleşdirilýär. Bu ýerde elektrik energiýasy we ýag ýangyjy bilen hereket edýän awtoulaglaryň hersiniň aýratynlykda duralgalarynyň bolmagy göz öňünde tutulýar. Döwrebap duralgalarda ulaglaryň elmydama tehniki ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin giň hyzmatlar ýola goýlar. Awtoulaglaryň hemişe saz işlemegi üçin innowasion mümkinçiliklerden peýdalanylar. Şeýle hem bu ýerde ulaglaryň herekete başlamazdan öňürti howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmek üçin möhüm işler geçiriler. Mundan başga-da, bu ýerde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, degişli döwrebap serişdeler ornaşdyrylar. Şeýlelikde, sanlylaşlydyrylan duralgalar Arkadag şäheriniň döwrebap mümkinçilikleriniň üstüni ýetirer.

Şäheriň häkimi Ş.Durdylyýew Gahryman Arkadagymyzdan ýurdumyza getirilen elektromobili ilkinji bolup synagdan geçirip bermegini haýyş etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy elektromobili herekete girizip, Akhan şaýoluna tarap ugur aldy hem-de täze ulagy synag edip gördi.

Gahryman Arkadagymyz elektromobili ussatlyk bilen dolandyryp, ýolugra onuň tehniki ýagdaýyny gözden geçirdi. Bu ulaglar halkymyza hyzmatlaryň naýbaşysyny hödürlär. Ildeşlerimiziň şäheriň islendik künjegine barmaga uly mümkinçilik döreder.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.