Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy

https://ussatnews.com/storage/posts/5527/original-1647c3a2e163c0.webp

3-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türk tarapynyň çakylygy boýunça Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanan Prezidenti hökmünde wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy.

Ugurlaryň giň gerimi boýunça, şol sanda söwda-ykdysady ulgamynda üstünlikli ösdürilýän strategik türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň okgunly häsiýete eýedigini bellemek gerek. Ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň möçberleriniň yzygiderli artmagy, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan dürli maksatnamalara we taslamalara, şol sanda senagat ulgamyny döwrebaplaşdyrylmaga gönükdirilen taslamalara türk kompaniýalaryň gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde bilelikdäki Hökümetara toparyna ähmiýetli orun degişlidir. Toparyň işi hyzmatdaşlygyň bar bolan ägirt uly kuwwatyny doly derejede durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Iki ýurduň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň we telekeçilik düzümleriniň wekilleriniň işewürlik forumlaryna we pudaklaýyn sergilere gatnaşmagy netijeli işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam berýär.

Iki doganlyk ýurduň halklaryny baglanyşdyrýan köpasyrlyk gatnaşyklary nazara almak bilen ynsanperwer ulgamdaky ýakyndan hyzmatdaşlyk uly ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, özara Medeniýet günleriniň yzygiderli esasda geçirilýändigini sungat ussatlarynyň iki ýurtda hem guralýan döredijilik çärelerine işjeň gatnaşýandygyny bellemek gerek. Bilim boýunça Türkmen-türk geňeşiniň alyp barýan işi, bu ulgamda hyzmatdaşlyk etmek barada gol çekilen Hökümetara ylalaşyklar, ylym ugry boýunça ýola goýlan netijeli gatnaşyklar bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallarydyr. Iki ýurduň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny hasaba almak bilen syýahatçylyk we sport ulgamlarynda hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikler bar.

Döwlet Baştutanymyzyň türk Lideriniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara gatnaşmagy iki dostlukly ýurduň netijeli döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagy maksat edinýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Iki doganlyk halkyň taryhy, medeni we ruhy kökleriniň umumylygy bu gatnaşyklaryň ygtybarly binýady bolup çykyş edýär.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.