Habarlar

Türkmenistanda içerki syýahatçylyk giň meşhurlyga eýe bolýar

https://ussatnews.com/storage/posts/5531/original-1647d88f587253.jpeg

Syýahatçylyk ulgamynda geçirilýän özgertmeler, jahankeşdeligiň çäkleriniň giňelmegi, Türkmenistanyň taryhyny, medeniýetini, däp-dessurlaryny, gözel tebigatyny dünýä ýaýmak, şeýle hem syýahatçylygyň ekologiýa, dynç alyş, sport we atçylyk ýaly görnüşleriniň peýda bolmagy, dynç almak üçin döwrebap we amatly şertleri döretmek boýunça işleri dowam etmek milli syýahatçylyk pudagyny ösdürmek işinde ileri tutulýan ugurlara öwrüldi.

Ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň ýadygärliklerine alyp barýan demir ýol boýunça gezelençler içerki syýahatçylygyň meşhur ugurlarynyň birine öwrüldi.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Medeniýet we syýahat» žurnalynyň syýahatçylyk bölümi tarapyndan guralan Köneürgenjiň mukaddesliklerine otlyda sapara ýüzden gowrak adam goşulyp, olaryň hatarynda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň mugallymlary we terbiýeçileri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular we ýaşlar boldy.

Ugur mukaddes ýerlere zyýarat edilmegini, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýadygärlikleri bilen tanyşlygy öz içine aldy.

Bu ugur boýunça gezelençler 2022-nji ýylyň noýabrynda ýola goýuldy.

Guramaçylar diňe Daşoguz welaýatyna däl-de, eýsem, ýurdumyzyň dürli sebitlerine gatnajak ýörite syýahatçylyk otly düzümlerini döretmegi dowam etmegi meýilleşdirýärler.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.