«Galkynyş» känindäki täze guýudan gazyň senagat akymy alyndy
«Galkynyş» käninde 4 müň 665 metr çuňlukda burawlanan № 271 täze ulanyş gaz guýusyndan tebigy gazyň senagat akymy alyndy. «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary üstünlikli buraw işlerini geçirdiler.
Tebigy gaz akymy 4518-den 4333 metre çenli aralykda alyndy, plastyň umumy uzynlygy 105 metre barabar boldy.
— Buraw işleriniň üstünlikli geçirilmeginde, gurluşygyň öz wagtynda tamamlanmagynda we täze guýynyň ulanyşa girizilmeginde döwlet tarapyndan satyn alynýan öňdebaryjy tehnikalara, ýokary hilli tehnologiki enjamlara möhüm orun degişlidir. Bu enjamlaryň bolmagy ýerine ýetirilýän işleriň hilini, guýularyň uzak wagtlap ulanylmagyny şertlendirýär — diýip, «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň baş geology Muhammet Saparmyradow aýtdy.
Baş geologyň bellemegine görä, bu gaz guýusyny burawlamakda we gurmakda Ýaponiýanyň «Sumitomo» kompaniýasynyň sorujy-kompressor turbalary, fontan armaturalary, kolonnalaryň ýokary bölekleri ulanyldy. Bu enjamlar «Galkynyş» gaz käniniň geologiýa-tehnologiýa häsiýetnamalaryna laýyk gelýär.
Häzirki wagtda müdirligiň gazçylary «Galkynyş» käniniň çäginde ýerleşen beýleki gaz guýularynda hem buraw işlerini geçirýärler.
SAGDYN DURMUŞ — BAGTYÝAR GELJEK
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen bagly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
“Ekologiýa abadançylygy – zeminiň gözelligi” atly çäre geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda institutyň “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO kluby hem-de “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramagynda “Ekologiýa abadançylygy – Zeminiň gözelligi” atly eko-kwest aksiýasy geçirildi. Bu barada jemgyýetçilik guramanyň resmi saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda dört aýyň jemlerine garaldy
5-nji maýda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
Ýaryşlar ussatlary saýlady
Paýtagtymyzdaky nebitgaz senagatynyň işgärleriniň ýaşaýyş toplumynda «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly sport hepdeligi geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy.