Habarlar

Türkmen-wenger gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

https://ussatnews.com/storage/posts/5558/original-164833251ee1d8.jpeg

Şu gün Aşgabatda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza resmi sapary bilen gelen Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Türkmen-wenger gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.

Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň Diplomatik akademiýasynyň arasynda diplomatik taýýarlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk babatda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Semmelweýs uniwersitetiniň arasynda akademiki we ylmy hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň Döwlet etalon merkezi bilen Budapeşt paýtagt şäher hökümetiniň diwanynyň Metrologiýa we tehniki gözegçilik müdiriýetiniň arasynda metrologiýa babatda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Wengriýanyň Içeri işler ministrliginiň arasynda suw serişdelerini dolandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň arasynda “Stipendium Hungaricum” maksatnamasynyň çäklerinde 2024-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Wengriýanyň Syýahatçylyk agentliginiň arasynda syýahatçylyk babatda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Wengriýanyň Medeniýet we innowasiýa ministrliginiň arasynda medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Wengriýanyň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlaryny höweslendirmek we özara goramak hakynda Ylalaşyk bar.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, Serdar Berdimuhamedow we Premýer-ministr Wiktor Orban köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.