Nebitgaz toplumyny ösdürmegiň ekologiýa jähtleri boýunça ylmy foruma 20 ýurtdan 800 wekil gatnaşar
15-nji iýunda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» mynasybetli «Energetiki nukdaýnazarlar we uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň täze tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler.
Maslahatyň guramaçylary bolup «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy «Turkmen Forum» HJ we Gaffney Cline britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.
Çäräni guramaçylaryň maglumatlaryna görä, maslahata gatnaşmak üçin dünýäniň 20 döwletinden 800 wekil bellige alyndy.
Forumyň açylyşynyň öňüsyrasynda, 14-nji iýunda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde maslahatdan öňki çäreler geçiriler. Şolaryň çäklerinde panelleýin diskussiýalar geçiriler. Olara bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary, şeýle hem Türkmenistanyň DIM-niň, ylmy institutlaryň we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşar. Mejlisleriň barşynda elýeterli we arassa energiýa — ýaşlaryň garaýşy, Inžener-nebitçileriň jemgyýeti: Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň hünärmenleri üçin mümkinçilikler ýaly temalar ara alnyp maslahatlaşylar.
Nebitgaz toplumynyň pudaklarynda zyňyndylary azaltmak hem-de energetiki geçiş temalaryna bagyşlanan maslahata Türkmenistanyň ýokary wezipeli Hökümet agzalary, milli we halkara nebitgaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň we ylmy merkezleriň, akademiýa jemgyýetleriniň wekilleri gatnaşar.
Maslahat känleri işläp taýýarlamagyň täze tehnologiýalary we ekologiýa jähtleri, uglewodorodlary çykarmakda metan zyňyndylaryny we CO2 azaltmak hem-de olaryň monetizasiýasy, ekologiýa maliýeleşdirmesi we arassa energetikany ilerletmekde başlangyçlar ýaly ileri tutulýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolar.
Nebitgaz toplumynyň ekologiýa nukdaýnazarlaryndan başga-da, maslahata gatnaşyjylar uglewodorodlary çykarmakda öňdebaryjy tehnologiýalary we nou-haulary maslahatlaşarlar.
Maslahata BMG-niň, ÝHHG-niň, Aziýa ösüş bankynyň, Türkmenistanda ygtyýarlandyrylan wekilhanalaryň, Climate Compass, LLC, Tetra Tech Inc, GHGSat Inc, Carbon Limits AS, Dragon Oil, ООО МИП «НЭС Профэксперт», Chevron, Baker Hughes, PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd, Yug-Neftegaz Private Limited ýaly kompaniýalaryň, Metan zyňyndylary boýunça halkara obserwatoriýasynyň wekilleri gatnaşar.
Maslahat däp bolan görnüşde bolşy ýaly, onlaýn formatda hem geçiriler.
Şeýle hem Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň gazananlarynyň sergisi guralar. Maslahata gatnaşyjylar üçin medeni çäreler, şol sanda tans we aýdymlar guralar.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.