Habarlar

«Türkmengaz» DK-nyň yglan eden bäsleşigi «Gündogar-Günbatar» gaz geçirijisi üçin kompressor stansiýasyny gurjak potratçyny kesgitlär

https://ussatnews.com/storage/posts/5619/original-16492e7b0600bf.jpeg

«Türkmengaz» döwlet konserni halkara bäsleşigiň netijeleri boýunça «Gündogar-Günbatar» gaz geçirijisiniň "KS-1 Şatlyk" kompressor stansiýasyny gurjak, enjamlar bilen üpjün etjek we ony işe girjek kompaniýany kesgitlär. Degişli bäsleşik 20-nji iýunda «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde çap edildi.

Gyzyklanma bildirýän kompaniýalara bäsleşige gatnaşmak üçin «Türkmengaz» döwlet konsernine isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri, kompaniýanyň işi barada maglumaty, hususan-da, şular ýaly taslamalarda iş tejribesi hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmak teklip edilýär

Şeýle hem "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly.

Şol bir wagtda ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda görkezilen salgy boýunça kabul edilýär.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň gündogar böleginden günbatara çekilen we ýylda 30 mlrd kub metre çenli gazy ibermäge niýetlenen «Gündogar-Günbatar» gaz geçirijisi 2015-nji ýylyň dekabrynda işe girizildi.

Häzirki wagtda bu gaz magistraly eýýäm gurlan we geljekde Türkmenistanda guruljak birnäçe täze senagat desgalaryny «mawy ýangyç» bilen üpjün edýär. Mundan başga-da, turba geçirijisi türkmen gazynyň Ýewropa ugrunda eksport ibermelerini ýola goýmaga mümkinçilik berýär.

«Gündogar-Günbatar» gaz geçirijisiniň gurluşygy «Türkmengaz» we «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konsernleriniň güýji bilen Mary welaýatynda «Şatlyk» gazkompressor stansiýasyndan başlanyp, Balkan welaýatynda «Belek» gazkompressor stansiýasyna çenli guruldy. Ýurdumyzyň çäginde iň uzyny bolan bu gaz geçiriji ähli gaz magistrallaryny bir bitewi halka birleşdirip, «mawy ýangyja» bolan ähli zerurlyklary bökdençsiz üpjün etmek üçin goşmaça kepillikleri döretdi.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.