Habarlar

Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

https://ussatnews.com/storage/posts/5626/original-16494ab883e618.jpeg

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda çap edilen we giň okyjylar köpçüligine hödürlenen «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Onda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow, Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Merdan Rozyýew türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen 2021-nji ýylda döredilen «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň» esaslandyrylanyna kän wagt geçmedigem bolsa, gaznanyň işiniň netijesinde sanlyja ýyllaryň içinde ýüzlerçe çagalaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylandygyny, körpe nesilleri hemmetaraplaýyn üns-alada bilen gurşalyp alnandygyny, olaryň ýagty geljege, eşretli durmuşa bolan höwesini artdyrandygyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletini bagtly çagalygyň mekanyna öwren hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, Gahryman Arkadagymyzyň çäksiz tagallalary bilen ýurdumyzyň ýagty geljegi bolan ýaş nesiller baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny öz çykyşlarynda giňişleýin bellediler.

Dabarada Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkeziniň lukmany, Aşgabat şäher halk maslahatynyň başlygy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy Gurbannazar Ataýew, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Sapar Ataberdiýew, «Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory Ussa Ussaýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Umumy bölüminiň baş hünärmeni, konserniň Demokratik partiýasynyň ilkinji guramasynyň başlygy Myrat Atagarryýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Merkezi önümçilik barlaghanasynyň himik-laboranty Aýgül Durdyýewa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň diller kafedrasynyň müdiri Sona Yslamowa dagy çykyş edip, täze neşirde türkmen halkynyň gadymdan gelýän, häzirki wagtda dünýäniň çar künjegine parahatçylyk, asudalyk goly bolup uzaýan, eşretli, ajaýyp durmuşy nazarlaýan ynsanperwerlik, adamkärçilik, akýüreklilik ýaly beýik ahlaklylygyň eriş-argaç bolup geçýändigini aýratyn nygtadylar.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa nebitgaz toplumynyň işgärleriniň adyndan Ýüzlenme kabul edildi.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.