Habarlar

«Türkmengaz» DK-nyň önümçilik desgalarynyň maddy-tehniki binýady kämilleşdirilýär

https://ussatnews.com/storage/posts/5642/original-16499d8720969f.jpeg

Geçen anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserniniň önümçilik desgalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, nebitgaz senagatynyň durnukly, netijeli işlemegini üpjün etmegiň düzümleri we önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak, tehnikalary, enjamlary täzelemek, netijeli tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen gönüden-göni baglydygyny belledi.

Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we resminamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Şeýle hem Prezident “Türkmengaz” döwlet konserniniň degişli düzümlerini häzirden gyş möwsümine taýýar etmegiň möhümdigine ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.