«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» XXVIII Halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk başlandy
Aşgabat şäherinde şu ýylyň 25 – 27-nji oktýabrynda 28-nji gezek geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023” atly halkara maslahatyna we sergisine işjeň taýýarlyk görülýär.
“Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy hem-de “GaffneyCline” britan kompaniýasynyň ýardamy bilen “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti halkara forumyny guraýjylar bolup çykyş edýärler.
Bellenilişi ýaly, halkara maslahatyň we serginiň geçirilmeginiň maksady energetika ulgamyny durnukly ösdürmekde halkara tagallalary birleşdirmekden, global energetika ulgamynda soňky ýörelgeler, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.
Halkara forumyň çäklerinde guraljak işewür duşuşyklary ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyndaky täze maýa goýum taslamalaryny, “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň geljekki tapgyrlaryny, TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny, ýurdumyzyň gury çäklerinde we Hazar ýalpaklygynda geljegi uly gaz känlerini özleşdirmek, gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdeleri, uglewodorod çeşmelerini işlemegiň ekologiýa taraplaryna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga giň mümkinçilik dörediler.
Forumy guraýjylar şu gezekki maslahata we sergä energetika ulgamynda iş alyp barýan köpsanly daşary ýurt kompaniýalarynyň, halkara guramalarynyň we maliýe edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleriniň gatnaşmagyna garaşýarlar.
Halkara maslahatyň çäklerinde ýurdumyzyň nebitgaz, energetika, himiýa, bank ulgamynyň ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen duşuşmaga mümkinçilik dörediler. Halkara maslahaty şahsy gatnaşyk we onlaýn görnüşde geçiriler. Guramaçylar daşary ýurtly gatnaşyjylara wiza we beýleki kömeklerini bererler.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.