Gahryman Arkadagymyz haj parzyny amala aşyryp, keramatly Mekge topragynda gurbanlyk sadakasyny berdi
30-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy, hajy Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow haj däp-dessurlaryny amala aşyryp, keramatly Mekge topragynda berlen gurbanlyk sadakasyna gatnaşdy.
Hajy Arkadagymyz hem-de türkmen wekiliýetiniň agzalary saparyň maksatnamasyna laýyklykda, mukaddes Mekge şäheriniň ajaýyplyklary, binagärlik desgalarynyň aýratynlyklary bilen tanyşdylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň gözel künjeginde gurlan Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň geçirilýän gününde ýaýlyma çykan “Arkadag” teleýaýlymynyň gepleşiklerine, onda görkezilýän dürli şekillere tomaşa etdi.
...Soňra Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäde iň uly Al-Haram metjidine tarap ugrady.
Hajy Arkadagymyz we Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary keramatly metjitde juma namazyny okadylar. Munuň özi türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgelere we yslam dünýäsiniň ýagşy dessurlaryna ygrarlydygynyň, jemagat bilen bilelikde namaza durmagy aýratyn sogaply hasaplaýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Goý, keramatly toprakda edilen doga-dilegler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!
Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Türkmenistandan gelen zyýaratçylaryň, ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň we özüniň maşgala agzalarynyň hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň resmi wekilleriniň gatnaşmagynda gurbanlyk sadakasyny berdi.
Hajy Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, keramatly toprakda keremli Gurban aýynda berilýän sadakanyň mukaddesliklere gabat gelmeginde çuňňur many bar. Sadaka ynsan dünýäsiniň haýyrly işleriniň gözbaşy hasaplanýar.
Saud Arabystany Patyşalygyna bolan bu gezekki saparyň özboluşly aýratynlyga eýedigini belläp, hajy Arkadagymyz keramatly toprakda juma namazynyň okalandygyny, bu ýerde gurbanlyk sadakasynyň berlip, onda mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan asylly işleriň rowaçlyklara beslenmeginiň dileg edilendigini belledi. Şeýle hem Milli Liderimiz şu günler mukaddes toprakda Türkmenistandan gelen zyýaratçylaryň 2,5 müňe golaýynyň haj parzynyň dessurlaryny ýerine ýetirýändiklerini aýtdy.
Gurbanlyk sadakasynda tebärek çykylyp, hajy Arkadagymyzyň doglan gününiň gutly bolmagy, Arkadagymyzyň kyblasy, manyly ömrüni Watanyna, halkyna bagyş eden Berdimuhamet ogly Mälikguly aganyň hem-de mähriban käbesi, ömrüni maşgala terbiýesine bagyş eden Ogulabat ejäniň ruhlarynyň şat, jaýlarynyň jennet, imanlarynyň hemra bolmagy dileg edildi.
Soňra gurbanlyk sadakasyna gatnaşyjylara nahar çekildi. Türkmen halkynyň milli aşhanasynyň tagamlaryndan dadan adamlar, zyýaratçylar hajy Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mundan beýläk-de uly rowaçlyklara beslenmegini, halkymyzyň bagtyýarlygyny, ýurdumyzyň abadançylygyny dileg etdiler. Şonuň ýaly-da, ýagşy dessurlaryň, tutumly işleriň uly üstünlikler bilen dowam etdirilmegi ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändigi üçin Arkadagly hajy Serdarymyza we hajy Arkadagymyza alkyş sözleri aýdyldy. Munuň özi diňe bir halkymyzyň durmuşynda däl, eýsem, tutuş yslam dünýäsinde-de gurbanlyk sadakasynyň asylly däp-dessurlarynyň dowam etdirilýändigini görkezýär.
Tagam dadylandan soňra, aýat-töwir okalyp, asylly işleriň, hoşniýetli gatnaşyklaryň amala aşyrylýan we ýagşy dilegleriň kabul bolýan aýynda ýerine ýetirilen beýik işleriň dowamat-dowam bolmagy, hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly hajy Serdarymyzyň döwletli tutumlarynyň rowaç almagy dileg edildi.
Gurbanlyk sadakasynyň ahyrynda Hormatly il ýaşulusy, hajy Arkadagymyz hemmelere minnetdarlyk bildirip, mukaddes toprakda berlen sadakalaryň, zyýaratlaryň we ýagşy dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.