Arkadag şäherinde Halkara maýa goýum forumy geçirildi

Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasynyň ertesi, 30-njy iýunda täze şäheriň “Märkaw” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Akylly” şäher Arkadag” atly halkara maýa goýum forumy geçirildi.
Foruma dünýäniň dürli ýurtlarynyň, halkara we sebit guramalarynyň, abraýly maýa düzümleriniň, iri daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Forumda türkmen tarapyna ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň, ugurdaş institutlaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary wekilçilik etdiler.
Resmi açylyş dabarasynyň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Onda şeýle çäreleriň ýokary derejede we giň düzümde geçirilmeginiň netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda hem pugtalandyrmakda, dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredýändigi nygtalýar. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bu halkara forumyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, Arkadag şäherini durmuş-ykdysady, senagat taýdan ösdürmäge we “akylly” şäher konsepsiýasyny işjeň durmuşa geçirmäge maýa goýumlary işjeň çekmäge ýardam etjekdigine ynam bildirilýär.
Umumy mejlisleriň çäklerinde şäherlerde durnukly ösüş hem-de täze tehnologiýalaryň peýdalanylmagy, Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri, “akylly” şäherleriň sanly infrastruktura hem-de sanly innowasion tehnologiýalary bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Forumyň barşynda görkezilen wideorolikde milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň eksport mümkinçilikleri beýan edildi. Ol geljegi uly türkmen bazarynda işewürligi alyp barmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy baradaky maglumatlar bilen tanyşdyrýar.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan dürli ýurtlara tebigy gazy, nebit, gaz we nebithimiýa önümlerini, elektrik energiýasyny, mineral dökünleri, gurluşyk serişdelerini, himiýa we azyk önümlerini iberýär. Önümleriň eksport möçberiniň artdyrylmagy önümçiligiň ähli ulgamlaryna innowasion tehnologiýalaryň hem-de sanly ulgamlaryň giňden ornaşdyrylmagy bilen höweslendirilýär. Munuň özi ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar.
Täze gaýtadan işleýän pudaklary döretmegiň hasabyna ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek Prezident Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň möhüm ugrudyr. Mysal üçin, Türkmenistan ägirt uly uglewodorod gorlaryna eýe bolmak bilen, gazy gaýtadan işlemek boýunça doly derejeli toplumy kemala getirmäge girişdi. Soňky ýyllarda ulanmaga berlen benzin, ýokary hilli polietilen, polipropilen önümçiligi boýunça zawodlar, ammiak, karbamid öndürmek boýunça gaýtadan işleýän himiýa kuwwatlyklary we beýlekiler muňa mysaldyr.
Ozal hereket edýän pudaklary düýpli döwrebaplaşdyrmagyň hasabyna, energetika, dokma senagaty, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi ýaly birnäçe pudaklarda esasy görkezijileriň ösüş depginleri ýyl-ýyldan artýar.
Türkmenistandan iberilýän energetika serişdeleriniň ýollarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, turba geçirijileriň gurluşygyna hem uly üns berilýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy sebit üçin örän möhüm taslamadyr. Şeýle hem şol ugur boýunça optiki-süýümli ulgamyň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygy amala aşyrylýar.
Forumyň dowamynda maýa goýum mümkinçiliklerini has doly açmagyň ýollary, ýurdumyzy senagat, ylmy-tehnologik we durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi höweslendirmegiň gurallary barada netijeli pikir alyşmalar boldy. Mundan başga-da, halkara guramalaryň, iri maliýe düzümleriniň we daşary ýurt işewürler bileleşiginiň wekilleri tanyşdyryşlar hem-de içgin pikir alyşmalar esasynda türkmen tarapynyň teklip eden innowasion taslamalaryna maýa goýumlary gönükdirmegiň maksadalaýyklygyna baha berdiler.
Halkara maýa goýum forumynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olaryň barşynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak üçin geljegi uly ugurlar kesgitlenildi. Şeýle hem birnäçe resminamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda eksport-import amallary, hyzmatlar ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça şertnamalar we beýlekiler bar.
Forumyň dowamynda guralan sergi oňa gatnaşyjylara döwrebaplaşdyrylan ýokary tehnologiýaly senagata, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň köp görnüşini öndürmäge gönükdirilen gaýtadan işleýän pudaklaryň milli ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlarynda ýurdumyzyň gazanan ägirt uly üstünlikleri barada düşünje almaga mümkinçilik berdi.
Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, innowasion häsiýetli taslamalary durmuşa geçirmäge hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi, maýa goýum işini ösdürmäge gönükdirilen amatly şertleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Lebapda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
15-nji oktýabrda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Dabara Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.

Petronas “OGT 2025” 30-njy halkara sergisiniň we maslahatynyň brilliant hemaýatkäri boldy
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» 30-njy halkara maslahatynyň we sergisiniň (OGT 2025) guramaçylyk komiteti Malaýziýanyň PETRONAS energetika kompaniýasynyň bu möhüm çäräniň brilliant hemaýatkäri bolandygyny resmi taýdan yglan etdi. Bu çäre 2025-nji ýylyň 22–24-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriler.

OGT 2025: Türkmenistan dünýä energetikasynda täze döwre gadam basýar
«Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň 30-njy şanly senesi dünýäniň energetika bazarynda ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşy hökmünde eýeleýän ornuny tassyklamak bilen, oňa dünýäniň köp sanly döwletlerinden wekilleriň gatnaşýandygyny görkezýär.

Nebitgaz toplumynda «Ösüşlere beslenen parahat, asuda Watanyň buýsançly zenanlary» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda «Ösüşlere beslenen parahat, asuda Watanyň buýsançly zenanlary» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Сотрудники «Nebitgazylmytaslama» способствуют росту добычи нефти в Туркменистане
«Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň gatlagyň fizikasy barlaghanasynyň müdiri Ýazberdi BÄŞIMOW: