Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG agza döwletler bilen gatnaşyklaryň ugurlaryny kesgitledi

https://ussatnews.com/storage/posts/5680/original-164a5508584a3a.jpeg

Prezident Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisinde eden çykyşynda işleriň birnäçe anyk ugurlaryna üns bermegi teklip etdi.

Birinjiden, kiberhowpsuzlyk we biohowpsuzlyk ulgamynda syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy ýola goýmak; ikinjiden, täze yklymara we sebit üstaşyr ulag geçelgelerini döretmäge, bar bolanlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen logistik işiň amatly usulyny emele getirmek; üçünjiden, energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça bilelikdäki taslamalary meýilleşdirmek arkaly yzygiderli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk üçin şertleri döretmekdir. Gürrüň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň zerurlyklaryny üpjün etmek we geljekde daşarky bazarlara çykmak barada barýar diýip, Prezident aýtdy.

Dördünjiden, ýokary tehnologiýalar ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin binýady döretmek diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi. Bäşinjiden, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, ekologiýa babatda bilelikdäki işleri utgaşdyrmak bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjyny durmuşa geçirmäge gatnaşmak mümkinçiligine seretmegi ähli gyzyklanýan taraplara teklip etdi.

Ýokarda bellenip geçilen ugurlaryň her biri boýunça ilkinji ädim hökmünde bilermenleriň derejesinde geňeşmeleri geçirmegi maksadalaýyk hasaplaýaryn. Şeýle geňeşmeleriň biziň şertlerimize we zerurlyklarymyza oňat baha bermäge, şonuň esasynda mundan beýläk-de bilelikde işlemegiň ýollaryny kesgitlemäge mümkinçilik berjekdiginden ugur alýarys diýip, döwlet Baştutany beýan edilen başlangyçlary durmuşa geçirmegiň ilkinji nobatdaky çärelerini kesgitledi.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.