Türkmenistan we Beýik Britaniýa ileri tutulýan ugurlarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýar
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Beýik Britaniýanyň Daşary işler, arkalaşyk we ösüş ministriniň parlament orunbasary Leo Doherti bilen geçiren gepleşiklerinde ikitaraplaýyn gün tertbiniň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer häsiýetli ugurlaryň giň gerimini içine alýan ikitaraplaýyn gün tertibiniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
R.Meredow türkmen-britan hyzmatdaşlygynyň netijeli ösdürilýändigini nygtady. Şu nukdaýnazardan, onuň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň maýynda Patyşa Karl III-ä täç geýdirmek dabarasyna gatnaşmagy döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm waka boldy.
Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, energetika, howanyň üýtgemegi, oba we suw hojalygy ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge taraplaryň taýýarlygy mälim edildi.
Mundan başga, diplomatlar medeniýet, arheologiýa, bilim pudaklarynda, şeýle-de Türkmenistanda iňlis dilini öwrenmek babatynda alnyp barylýan oňyn hyzmatdaşlygy tassykladylar.
Duşuşygyň netijeleri boýunça, Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda Teswirnama gol çekişmek dabarasy bolup geçdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.