Habarlar

Türkiýede Däde Gorkut hekaýalar kitabynyň Bursa golýazmasynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy

https://ussatnews.com/storage/posts/5705/original-164ad36519734e.jpeg

Türkiýäniň Bursa şäherinde türkmen halkynyň we türki dünýäsiniň iň gadymy edebi mirasy bolan Däde Gorkut hekaýalary kitabynyň Bursa golýazmasynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bursa şäher häkimliginde geçirilen bu dabarada Däde Gorkut hekaýalary kitabynyň gadymy Bursa golýazmasy barada türkiýeli professor, dil-edebiýat ylymlarynyň doktory Osman Fikri Sertkaýa maglumat berdi.

Türkiýeli professor, dil-edebiýat ylymlarynyň doktory Ferruh Agja bolsa, Däde Gorkut hekaýalary kitabynyň asyl nusgadaky gadymy Bursa golýazmasy babatda geçiren ylmy-derňew işleriniň netijeleri barada gürrüň berdi.

Bursa şäheriniň häkimi Alinur Aktaşyň gurnamagynda geçirilen Däde Gorkut hekaýalary kitabynyň gadymy Bursa golýazmasynyň tanyşdyrylyş dabarasyna professor, dil-edebiýat ylymlarynyň doktory Haluk Şükrü Akalyn, ýazyjy Beşir Aýwazogly, Uludag uniwersitetiniň rektory, professor, dil-edebiýat ylymlarynyň doktory Feridun Ýylmaz, Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň başlygy, ýazyjy Ýakup Ömerogly, ýazyjy Serdar Ajar we başga-da köpsanly adamlar gatnaşdy.

Toýly Jänädow,

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy ýörite ussatnews.com elektron gazeti üçin.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.