Habarlar

Wodorod energetikasy pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Ýol kartasyny durmuşa geçirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy

https://ussatnews.com/storage/posts/5710/original-164aebc2ab378b.jpeg

Sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen Türkmenistanda wodorod energetikasy pudagyny ösdürmek boýunça pudagara iş toparynyň 2-nji mejlisinde Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin Ýol kartasyny ýerine ýetirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygynda geçen mejlisiň işine ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda bu ugurda ileri tutulýan meseleleriň toplumyna seredildi. Hususanda, mejlise gatnaşanlar Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin Ýol kartasyny ýerine ýetirmek hem-de bu ugry ösdürmek babatynda daşary ýurt tejribesini öwrenmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň öz çykyşynda belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri energetika diplomatiýasy bolup durýar. Türkmenistan energiýa serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolmak bilen, energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge öz goşandyny goşýar, bu ugurda möhüm başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär hem-de halkara we sebit ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen bagly işlere işjeň gatnaşýar.

Duşuşyga gatnaşanlaryň bellemegine görä, wodorod energetikasy ulgamynda ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek, bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak, Türkmenistanda häzirkizaman tehnologiýalaryna esaslanýan we degişli hünärmenler bilen üpjün edilen ýokary öndürijilikli wodorod energetikasy ulgamyny döretmek barada işler alnyp barylýar.

Bu babatda, ýurdumyzyň wodorod energetikasy ugrunda ylmy binýady berkitmek maksady bilen, bu pudak üçin hünärmenleri taýýarlamak bilen bagly halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek wezipesiniň möhümdigi bellendi.

Şunuň bilen baglylykda, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde döredilen wodorod energiýasy boýunça merkeziniň ýerine ýetiren işleri bilen tanyşdyryldy.

Şeýle hem mejlisde çykyş edenler Türkmenistanyň wodorod energetikasy ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatynda abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Aziýa Ösüş banky, şeýle hem Beýik Britaniýa, ABŞ, Ýaponiýa we beýleki döwletler bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtadylar.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.