Aşgabatda Taekwondo boýunça sport ýaryşy üstünlikli geçirildi
2023-nji ýylyň 15-16-nji iýulynda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda sportuň Taekwondo görnüşi boyunça Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň kubogyny almak ugrundaky ýaryş geçirildi. Bu sport ýaryşyna 200-den gowrak türgenler gatnaşdy.
Ýaryşda Mary welaýatynyň ýygyndy topary toparlaýyn 1-nji orna mynysyp boldy. Mary şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň mugallymy Kaýum Annadurdyýewiň taýýarlan türgenlerinden Gylyçnyýazow Nurmuhammet, Kakalyýew Ýeňiş, Kaýumberdiýewa Züleýha 1-nji orna mynasyp boldular.
Kadyrberdi Artykow — GDA-nyň iň gowy talyby
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen “GDA-nyň iň gowy talyby” atly halkara bäsleşigine internet arkaly gatnaşyp, I derejeli Diploma, döşe dakylýan nyşana we kuboga mynasyp boldy.
ABŞ Türkmenistanyň gaz eksportynyň diwersifikasiýasyny goldaýar – Döwlet sekretarynyň orunbasary
Amerikanyň Birleşen Ştatlary türkmen tebigy gazyny daşamak ugurlarynyň diwersifikasiýasyny goldaýar. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers Aşgabatda žurnalistler üçin guralan brifingde mälim etdi, diýip «Turkmenportal» habar berýär.
Annagül Gurdowa 75 ýaşyny we döredijilik işiniň 70 ýyllygyny belleýär
Şu gün Türkmenistanyň halk artisti Annagül Gurdowa doglan gününiň 75 ýyllygyny we sahna işiniň 70 ýyllygyny belleýär.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň 2026-njy ýylyň bäş aýynyň işiniň netijeleri jemlenildi
5-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda bäş aýyň jemlerine garaldy
6-njy iýunda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.