Habarlar

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2023-nji ýylda nebitgaz toplumynyň birinji ýarym ýylda işiniň jemleri jemlenildi

https://ussatnews.com/storage/posts/5743/original-164c377fd2dadd.jpeg

Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Prezident maksatnamasynyň hem-de Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň beýleki maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi, ikinji ýarym ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler bilen baglanyşykly hem-de guramaçylyk meseleleri girizildi.

Mejlisiňň barşynda wise-premýer Batyr Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda 2023-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Nebiti we gaz kondensatyny çykarmak ulgamynda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler, hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan gazanylan netijeler barada aýdyldy. Wise-premýer “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit bilen üpjün etmegiň meýilnamasynyň 101,8 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasynyň 102,5 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasynyň 112,7 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasynyň 106,4 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasynyň 118,3 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasynyň 100,1 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasynyň 113,5 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi.

Hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 108,3 göterim, “mawy ýangyjy” eksport etmegiň meýilnamasy 112,1 göterim berjaý edildi.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi. Hususan-da, nebitgaz toplumyna degişli kärhanalaryň önümçiligini artdyrmak üçin döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagy we toplumlaýyn çäreleri geçirmegi dowam etdirmek tabşyryldy.

Maýa goýum Maksatnamasyna laýyklykda, täze önümçilikleri işe girizmegiň hasabyna kuwwatlyklary artdyrmak üçin zerur işleri geçirmeli diýip, döwlet Baştutany nygtady we wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.