Türkmenistanyň Prezidenti halkara sammite gatnaşmak üçin Saud Arabystanyna bardy
Sişenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyna ugrady.
Jidda şäherinde geçiriljek ýokary derejedäki sammit umumy abadançylygyň hem-de ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli döwletara we sebitara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir.
Uçuşyň öňüsyrasynda howa menzilinde Saud Arabystany Patyşalygynyň ilçihanasynyň wekili bilen bolan söhbetdeşlikde ähli ugurlar boýunça okgunly ösýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dostlukly häsiýete eýedigi nygtaldy. Özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklar bilen birlikde, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. Şeýle-de Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň abraýly halkara we sebit guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde netijeli gatnaşyk edýändigi bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedowyň şu saparynyň we Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmagynyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirildi.
Jidda şäheriniň Patyşa Abdulaziz adyndaky Halkara howa menzilinde Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar mähirli garşyladylar.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyzyň Saud Arabystany Patyşalygynyň resmi wekili bilen söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň barşynda döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenildi hem-de iki ýurduň dostlukly gatnaşyklary we uly kuwwata eýe bolan özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga çalyşýandygy nygtaldy.
Öňümizdäki maslahatyň köptaraply gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak maksady bilen, tagallalary birleşdirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirildi.
Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň mukaddes topragynda mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge, onuň many-mazmunyny baýlaşdyrmaga mundan beýläk-de ýardam bermäge taýýardygyny belledi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.