Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Jidde şäherinde Energetika boýunça bilelikdäki iş toparyny döretmegi teklip edýär

https://ussatnews.com/storage/posts/5759/original-164c3f65fe6086.jpeg

Prezident Serdar Berdimuhamedow Jidde şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» görnüşindäki Sammitinde eden çykyşynda ulag we energetika ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi nygtady diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, bu ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ilkinji nobatda biziň sebitlerimizi birleşdirmek maksady bilen, täze ulag-üstaşyr geçelgeleri, berk we ygtybarly logistika infrastrukturasyny döretmegi wajyp hasaplaýarys.

«Ulag ulgamynda tagallalary utgaşdyrmak üçin Merkezi Aziýanyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň ýurtlarynyň Ulag komitetini döretmegi teklip edýäris» – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

Şeýle-de döwlet Baştutany energetika pudagyna hem giň orun berýändigimize we biziň ýurtlarymyzda baý energiýa çeşmeleri, ýangyç-energetika serişdeleri we olary gaýtadan işleýän güýçli önümçilik desgalary bardygyna aýratyn üns çekdi.

«Energetika pudagynda bilelikdäki hereketleriň mümkinçiliklerini seljermek we maslahat bermek işlerini alyp barjak Energetika boýunça bilelikdäki iş toparyny döretmegi teklip edýäris» – diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.