«Türkmengeologiýa» DK nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak maksady bilen işleri geçirýär
Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň käbir meselelerine hem-de resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Wise-premýer “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny mundan beýläk-de artdyrmak boýunça geçirýän işi barada aýtdy.
Şu maksat bilen, häzirki wagtda degişli geologik gözlegler amala aşyrylýar, önümçilik düzümini döwrebaplaşdyrmak, pudagyň düzümlerini zerur bolan enjamlar bilen üpjün etmek babatda çäreler durmuşa geçirilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan geçirilýän geologiýa-gözleg işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi. Bu korporasiýanyň öňünde täze, geljegi uly, uglewodorod serişdelerine baý ýataklary ýüze çykarmak we senagat taýdan özleşdirmek, ýangyç-energetika toplumynyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak boýunça möhüm wezipeler goýuldy.
Şunuň bilen baglylykda, önümçilige innowasion tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak, döwrüň talaplaryna laýyklykda pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek wajyp ähmiýete eýedir diýip, döwlet Baştutany aýtdy we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.