Yrakda türkmen we katar gazyny satyn almak boýunça komitet döredilýär
Türkmen we katar tebigy gazyny satyn almak meselelerini maslahatlaşmak üçin bilelikdäki komiteti döretmek hakynda Yragyň elektroenergetika ministri Ziýad Ali Fadel žurnalistlere habar berdi diýip, Iraqi News habarlar agentligi habar berýär.
Habar berlişi ýaly, komitetiň düzümine nebit ministrliginiň resmi wekilleri, elektroenergetika ministrliginiň geňeşçileri we beýleki hünärmenler girdi.
Garaşylyşy ýaly, toparyň biri «mawy ýangyjy» satyn almak boýunça şertnamalary maslahatlaşmak boýunça gepleşikleri geçirmek üçin Türkmenistana barar, beýleki topar deňiz ýoly arkaly suwuklandyrylan gazy imporrt etmegiň mümkinçiliklerine garamak üçin Katara barar.
Türkmen gazyny import etmek mümkinçiligini ilkinji gezek Yragyň premýer-ministri Mohammed Şia Al-Sudani ýurtda ýangyç ýetmezçilik meselesiniň yzygiderli ýüze çykýanlygy barada meselä üns çekip belledi. Şunuň bilen baglylykda, Yragyň wekiliýeti mümkin bolan ylalaşyklar boýunça gepleşikleriň birinji tapgyry üçin Türkmenistana gelip görmegi meýilleşdirýär.
Yragyň gazy import etmäge gyzyklanmasyny ýangyjyň bu görnüşine bolan islegiň ýurduň merkezi we günorta welaýatlaryndaky elektrik stansiýalarynda artmagy bilen düşündirip bolar. Olar günde ýedi müň megawatt energiýa utgaşdyrýarlar.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.