Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylary gutlady

https://ussatnews.com/storage/posts/5855/original-164d725858a7e8.jpeg

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Sizi Türkmenistanda her ýylyň 12-nji awgustynda ýokary derejede dabaraly bellenilýän Hazar deňziniň güni mynasybetli hem-de «Hazar deňzi — parahatçylyk we dostluk deňzi» atly ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistan Hazarýaka sebitde bolup geçýän ähli möhüm hereketlere işjeň gatnaşyjy bolmak bilen, bu ugurda parahatçylyga, ylalaşyga, özara ynanyşmaga we netijeli halkara hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny aýdyň görkezýär. Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz Hazarýaka döwletleriň öňünde duran ähli wajyp meseleleri bilelikde ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, 2002-nji ýylda Aşgabatda birinji Hazar sammitini geçirdi. Bu taryhy waka Hazar gün tertibiniň ähli ugurlary boýunça uzak möhletleýin geljek üçin yzygiderli hyzmatdaşlygyň berk binýadyny goýdy hem-de Hazarda özara arkalaşykly hereket etmek üçin köp sanly meseleleriň çözülmegine uly badalga berdi.

Türkmenistan Hazarda netijeli syýasy gatnaşyklaryň täze görnüşlerini döretmek babatda yzygiderli işleri geçirmek bilen, möhüm başlangyçlara itergi berdi. Biziň döwletimiziň öňe süren teklibi esasynda döredilen Hazarýaka döwletleriň ýörite ygtyýarly wekilleriniň derejesinde Daşary işler ministrlikleriniň howandarlygynda bäştaraplaýyn yzygiderli geňeşmeler guraly wajyp ähmiýete eýedir. Bu guralyň Hazarýaka döwletleriň Hazar deňzi bilen bagly meselelerde işini kadalaşdyrýan köptaraplaýyn resminamalaryň taýýarlanylmagynda möhüm ähmiýeti bardyr.

2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi. Munuň özi ykdysady ulgamyň Hazardaky gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny hem-de geljegi uly bolan hyzmatdaşlyk görnüşiniň döredilmeginiň ähmiýetini görkezdi. Türkmenistan özüniň halkara derejede ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly bolmak bilen, Hazar deňziniň parahatçylygyň, ylalaşygyň, hyzmatdaşlygyň deňzi bolmagy ugrunda tagallalaryny dowam etdirer. Şunuň bilen baglylykda, biziň döwletimiz Hazarýaka döwletleriň arasynda gatnaşyklary berkitmek we giňeltmek bilen bagly başlangyçlary öňe sürýär. Energetika, ulag-logistika, senagat, söwda ýaly ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklary boýunça ýakyndan hyzmatdaşlygy alyp barmaga taýýardygyny beýan edýär.

Hazarýaka döwletleriň umumy maksatlarynyň ýene-de bir wajyp ugry Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak, sebitde ekologik howpsuzlygy üpjün etmek bolup durýar. Hazar deňzi, onuň daşky gurşawy ýüze çykýan dürli wehimlere, şol sanda, howanyň üýtgemegi bilen bagly howplara duýgur özboluşly tebigy toplumdyr. Bu ugurda Türkmenistan sebitiň ähli ýurtlaryny Hazaryň suw serişdelerini goramak, onuň biologik köpdürlüligini aýawly saklamak we baý tebigy serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlyga çagyrýar.

Parahatçylygyň, özara düşünişmegiň we köp ýyllaryň dowamynda alnyp barlan hyzmatdaşlygyň giňişligi bolup durýan Hazar deňzi sebitinde bu gün ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berilýär. Biziň halklarymyzyň arasyndaky taryhy, medeni-ynsanperwer umumylyklar häzirki döwürde bilelikdäki netijeli hereketleri amala aşyrmaga berk esasy döredýär.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Şu günler Hazar deňziniň güni mynasybetli berkarar Watanymyzda dürli çäreler geçirilýär. Şolaryň hatarynda ylmy maslahatlary, medeni we sport çärelerini görkezmek bolar. Şeýle çäreleriň geçirilmegi bolsa ýurdumyzda bu iri waka möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Sizi Hazar deňziniň güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, abadançylyk, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

Başga habarlar
16a2ae2673afe5.png
ABŞ Türkmenistanyň gaz eksportynyň diwersifikasiýasyny goldaýar – Döwlet sekretarynyň orunbasary

Amerikanyň Birleşen Ştatlary türkmen tebigy gazyny daşamak ugurlarynyň diwersifikasiýasyny goldaýar. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers Aşgabatda žurnalistler üçin guralan brifingde mälim etdi, diýip «Turkmenportal» habar berýär.


16a28f7c330448.jpeg
Annagül Gurdowa 75 ýaşyny we döredijilik işiniň 70 ýyllygyny belleýär

Şu gün Türkmenistanyň halk artisti Annagül Gurdowa doglan gününiň 75 ýyllygyny we sahna işiniň 70 ýyllygyny belleýär.


16a243c1341ebe.jpeg
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň 2026-njy ýylyň bäş aýynyň işiniň netijeleri jemlenildi

5-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.

16a24385f9fdbb.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda bäş aýyň jemlerine garaldy

6-njy iýunda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.


16a2303916bc20.jpeg
Ýaş tebigatçylar üçin ylmy-amaly gezelenç guraldy

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň hem-de «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramagynda «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly ekologik çäre geçirildi.