Habarlar

«Mawy ýangyç» Halaç etrabynyň sarp edijilerine bökdençsiz ýetirilýär

https://ussatnews.com/storage/posts/5883/original-164dd07c8451e3.jpeg

«Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän esasy wezipeleriň biri hem ilatly nokatlary gaz bilen üpjün etmek bolup durýar. Bu günki gün «mawy ýangyjyň» hözirini ýurdumyzyň çetki ilatly nokatlary hem görýär. Obalary we şäherleri gaz bilen üpjün etmek boýunça giň gerimli çäreleriň netijesinde tebigy gaz Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň ilatly nokatlaryna hem bökdençsiz ýetirilýär.

«Halaçetrapgaz» gaz hojalygynyň ýolbaşçysy Yhlas Abdullaýewiň aýtmagyna görä, bu etrapda tebigy gazdan peýdalanýan hojalyklaryň sany 15 müňden geçýär. Ýaşaýjylary tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmekde «Halaçetrapgaz» gaz hojalygynyň dürli hünär taýýarlykly 110-dan gowrak işgärleri zähmet çekýär. Olar dürli basyşdaky uzynlygy 803 km bolan gaz geçiriji ulgamlara, şeýle hem 404 sany gaz paýlaýjy we sazlaýjy desgalara gözegçilik edýärler.

Ýakyn wagtda etrabyň üç sany geňeşliginiň täze ilatly nokatlaryny gazlaşdyrmak boýunça işleriň dowam etmegi netijesinde tebigy gazdan peýdalanýan öý hojalyklarynyň sany has hem artar.

Edaranyň hünärmenleri ilat bilen ýakyn aragatnaşykda bolup, gazdan peýdalanmagyň howpsuzlyk düzgünlerini düşündirýärler. Tebigy gazdan peýdalanyjylaryň ählisi gaz ölçeýji enjamlar bilen dolulygyna üpjün edilip, sarp edilen tebigy gaz üçin yzygiderli töleg edýärler.

Halaç — welaýatyň iň gür ilatly etraplarynyň biri. Munuň özi bu ýerde maşgalalaryň sanynyň ýylyň-ýylyna artmagy bilen şertlendirilýär. Netijede täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy hem artýar.

Şu ýylyň alty aýynda etrapda gurlan gaz geçirijileriň umumy uzynlygy 5 müň 435 metre barabar. Geçen döwürde işleriň aglaba bölegi Surh geňeşliginiň çäginde geçirildi. Häzirki wagtda gurluşykçylar tarapyndan iki kilometr töweregi aralykda degişli işleri ýerine ýetirdiler.

Bu taslamany durmuşa geçirmekde «Türkmengazüpjünçilik» Birleşiginiň Lebap welaýat bölüminiň gurluşykçylary zähmet çekýär. Bu işleri olar Esenmeňli etrap geňeşliginde hem alyp barýarlar. Bu ýerde gurlan gaz geçirijiniň uzynlygy bu günki gün bir kilometre ýetýär.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.