Habarlar

«Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2023» 28-nji halkara maslahatyna taýýarlyk dowam edýär

https://ussatnews.com/storage/posts/5887/original-164de0d9c6fdd3.jpeg

OPEK (Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasy) 25-27-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2023» 28-nji halkara maslahatyna gatnaşjakdygyny tassyklady diýip, forumyň guramaçylary habar berýär.

Bellenilişi ýaly, OPEK-e Guramanyň nebit barlaglary bölüminiň ýolbaşçysy Behriiz Baýkalidze wekilçilik eder.

OGT-2023-ni geçirmekde hyzmatdaşlygyny şeýle hem Dragon Oil, Schlumberger we Eni kompaniýalary tassyklady.

Ugurdaş serginiň gatnaşyjylarynyň hatarynda ýakynda Dragon Oil, CNPC, Petronas, William Johnson International Trade and Services FZCO, KAMAZ we beýlekiler goşuldy.

Umuman, bu günki gün OGT-2023-e gatnaşmak üçin bu günki gün 100-den gowrak gurama, edara we kompaniýa bellige alyndy. Bellige almaklyk dowam edýär.

Maslahatyň we serginiň guramaçylary bolup, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konserni, Türkmenistanyň Söwda senagat edarasy we «Türkmengeologiýa » döwlet korporasiýasy «Turkmen Forum» HJ bilen bilelikde, GaffneyCline britan kompaniýasynyň goldawynda çykyş edýär.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.