Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Wengriýa iş sapary başlandy
Şu gün, 20-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Wengriýa ugrady. Budapeşte çenli uçuşy amala aşyryp, Prezidentimiziň uçary Wengriýanyň paýtagtynyň «Ferens List» Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi wekiller garşyladylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş saparynyň dowamynda Budapeştde Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar esasy ugurlaryň hatarynda türkmen-wenger hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Esasan hem syýasy-diplomatik, energetika, senagat we ulag-aragatnaşyk pudaklarynda, şeýle hem sport ugrunda özara gatnaşyklary ösdürmeklige aýratyn üns berildi.
Bu iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklary 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Dostluga hem-de birek-birege hormat goýmak däplerine eýerýän türkmen-wenger hyzmatdaşlygy şol wagdan bäri yzygiderli berkidilýär. Şunda ýokary we Hökümet derejedäki gatnaşyklara aýratyn üns berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Budapeştde geçiriljek ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynyň hormatly myhmany bolar.
Özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmekde alnyp barylýan ugra iki döwletiň hem üýtgewsiz ygrarlydygyny şu ýylyň 9-njy iýunynda resmi sapar bilen Aşgabada gelen Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň arasynda geçirilen gepleşikler hem tassyklady.
USSAT GEOLOGY ÝATLAP
Haýsy ugurdan bolsa-da, ussatlar unudylmaýar. Şeýle halypalar nebitgaz pudagynda-da sanardan kän. Bu ugurdan ençeme şägirtleri ýetişdiren Ýagşymyrat Hojagulyýew hem halkymyzyň öňünde uly hyzmat bitiren halypalaryň biri. Halypany hatyralap, ol baradaky ýatlamalary ýetirmegi makul bildik.
Guýularyň önümli gatlaklaryna täsir etmek usullary kämilleşdirilýär
Uzak wagtlap özleşdirilip gelinýän känlerde esasan-da, Goturdepe we Barsagelmez nebitgaz känlerinde gatlak basyşynyň peselmegi, ulanylýan guýulara gatlak suwlarynyň gelmegi netijesinde, onuň önüminiň wagtyndan öň suwlanmagy, guýynyň düýbünde çäge dykylarynyň emele gelmegi, gatlaklary özleşdirmegiň soňky tapgyrynda olardan düzüminde parafin köp bolan agyr nebitleriň akyp gelmegi ýaly kanunalaýyk hadysalar bilen baglydyr.
Hünär kämilligini ele alýarlar
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň binasynda mundan iki ýyla golaý wagt ozal konserniniň okuw merkeziniň Mary welaýaty boýunça okuw bölümçesi açyldy.
«sport sagdynlyk we ruhubelentlik»
Şeýle şygar astynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärlerden düzülen ýygyndy toparlaryň arasynda sportuň woleýbol we futbol görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlar şowhunly ýagdaýda dowam etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gurban baýramy bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gurban baýramy bilen gutlady.