«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Merw» futbol topary — AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynda
Türkmen nebitgazçylarynyň hemaýatkärligindäki futbol toparlary diňe bir milli ýaryşlarymyzda däl, eýsem, halkara derejeli ýaryşlarda hem üstünlikli çykyş edýärler. Muny «Türkmengaz» döwlet konserniniň hemaýatkärligindäki «Merw» futbol toparynyň saýlama duşuşyklardan üstünlikli geçip, AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn tapgyryna goşulmagy hem ähli aýdyňlygy bilen subut edýär.
Geçen ýyl ýurdumyzyň çempionatynda bürünç medala mynasyp bolan «Merw» AFK-nyň kubogynyň häzirki möwsümine saýlama tapgyrdan gatnaşmak hukugyna eýe boldy. Tejribeli tälimçi Witaliý Alikperowyň şägirtleri saýlama tapgyrdaky ilkinji duşuşygyny 15-nji awgust güni Gyrgyzystanyň «Alaý» futbol topary bilen geçirip, güýçli garşydaşlaryndan 1:0 hasabynda üstün çykdylar. Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 13-nji minutda Musa Nurnazarow geçirdi.
Bu ýeňiş «Merwe» toparçalaýyn tapgyra girmäge hukuk berýän aýgytlaýjy duşuşykda Täjigistanyň «Hujandy» bilen göreşmek mümkinçiligini berdi. Duşuşygyň Täjigistanda ― «Hujandyň» janköýerleriniň öňünde geçirilmegi türkmen futbolçylarynyň jogapkärçiligini has artdyrdy. Muňa garamazdan, olar 22-nji awgustda geçirilen duşuşykda meýdanda yhlasly we agzybirlikde hereket edip, «Hujanddan» 2:1 hasabynda üstün çykmagy başardylar.
Täjik teleýaýlymy tarapyndan türkmenistanly janköýerlere-de göni ýaýlymda elýeterli edilen duşuşyk iki garşydaşyň hem güýçleriniň deňeçerdigini görkezdi. «Hujandyň» meýdanynda, garşydaş toparyň janköýerleriniň öňünde oýnaýandyklaryna garamazdan, «Merwiň» futbolçylary birjik-de aljyramadylar. Hatda, käbir pursatlarda olar garşydaş topardan rüstem futbol oýnadylar. Şeýlelikde, duşuşygyň 54-nji minudynda hüjümçi Myrat Ýagşyýew «Merwi» hasapda öňe çykardy. Ýöne «Merw» bu üstünligi 79-njy minuda çenli saklap bildi. Duşuşygyň esasy wagtynyň tamamlanmagyna 11 minut galanda «Hujandyň» goragçysy Parwiz Bokiýew hasaby deňledi. Şondan soň ikitaraplaýyn guralan hüjümleriň hiç biri hem netije bermän, 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan duşuşyk ýene ýarym sagat uzaldyldy.
Ine, şol ýarym sagatlyk goşmaça wagt hem «Merwe» üstünlik getirdi. Duşuşygyň 111-ni minudynda «Alaý» bilen bolan oýunda tapawutlanan Musa Nurnazarowyň ornuna meýdança giren Myrat Öwezmyradow oýna goşulmagyndan üç minut soňra ― 114-nji minutda tapawutlanyp, «Merwiň» ýeňiş goluny geçirdi.
Bu ýeňiş «Türkmengaz» döwlet konserniniň hemaýatkärligindäki topara ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşmak hukugyny berdi. «Merw» AFK-nyň kubogynyň Merkezi sebitinde ýurdumyzyň «Altyn asyr», Täjigistanyň «Rawşan» we Gyrgyz Respublikasynyň «Abdyş-Ata» toparlary bilen ýaryşar. Toparçalaýyn duşuşyklar 20-nji sentýabrda başlanyp, 14-nji dekabarda tamamlanar. Tapgyrda alty duşyşyk geçirjek «Merw» şolaryň üçüsini ýurdumyzda ― öz janköýerleriniň arasynda geçirer.
Şu ýyl «Türkmennebitönümler» baş müdirliginiň hemaýatkärligindäki «Ahal» futbol toparynyň hem AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşjakdygyny ýatladýarys.
(Peýdalanylan suratlaryň çeşmesi: https://fft.tj/hudzhand-ustupil-mervu-i-zavershil-svoe-vystuplenie-v-kubke-afk-2023-24/)
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.