Türkmenistan Hindistanyň gurnan «Merkezi Aziýa ýurtlarynda işewürligiň mümkinçilikleri» forumyna gatnaşdy
Türkmenistan Hindistanyň DIM-niň goldaw bermeginde bu ýurduň Söwda-senagat edarasy tarapyndan gurnalan «Merkezi Aziýa ýurtlarynda işewürligiň mümkinçilikleri» forumyna gatnaşdy.
Forum Merkezi Aziýa döwletleriniň Hindistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny, daşary işler, söwda ministrlikleriniň, kiçi we orta telekeçiliginiň degişli ýolbaşçylaryny, ýerli firmalaryň we kompaniýalaryň wekillerini bir ýerde jemledi.
Biziň ýurdumyzdan foruma Türkmenistanyň Delidäki ilçisi Şalar Geldinazarow gatnaşdy. Çykyşynda diplomat Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy, Aşgabat ylalaşygynyň çäklerinde ulag-logistika gatnaşyklaryny ösdürmek we «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesi ýaly taslamalary durmuşa geçirmekde Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda oňyn hyzmatdaşlygy belläp geçdi.
Ilçi hindi işewürleriniň ünsüni Türkmenistanda maýa goýum ýagdaýynyň artykmaçlyklaryna, ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak proseslerine, milli tebigaty goraýyş syýasatyna çekdi. Mysal hökmünde «akylly» şäher Arkadag agzaldy.
Ýokary derejede gazanylan ylalaşyklara salgylanyp Şalar Geldinazarow, nebitgaz pudagy, ulag we kommunikasiýa, obasenagat, himiýa we dokma senagaty, IT-tehnologiýalar ýaly ugurlarda Türkmenistan bilen Hindistanyň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň uly geljegini belledi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.