Habarlar

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda ýedi aýda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy

https://ussatnews.com/storage/posts/5940/original-164ec909dc82af.jpeg

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 25-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow hasabat ýygnagyny açyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nebitgaz senagatynyň işgärlerine uly ynam bildirýändigini aýratyn nygtamak bilen, ulgamyň işini kämilleşdirmekde we döwrüň gazananlary esasynda ösdürmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýändigini, önümçilik kuwwatlyklarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny, onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämil tehnikalar we enjamlar, innowasion tehnologiýalar esasynda berkidilýändigini, şonuň netijesinde pudagyň öňünde belent wezipeleriň kesgitlenendigini belledi.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Merdan Rozyýew, «Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy» ÝGPJ-niň baş direktory Maksat Pirliýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we öňde durýan wezipeler barada hasabat bilen çykyş etdiler.

Hasabat ýygnagynda ýurdumyzda nebit we gaz kondensatyny, suwuklandyrylan gazy çykarmak, daşary ýurtlaryň iri nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini toplumyň işinde giňden ulanmak, «Galkynyş» gaz käninde tapgyrlaýyn alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, gyş möwsüminde tebigy gaza islegiň artýandygyny nazara alyp, raýatlary, iri senagat kärhanalaryny, elektrik stansiýalaryny hem-de daşary ýurtly sarp edijileri tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin häzirden taýýarlyk işlerini geçirmek we beýleki wajyp ugurlar boýunça çykyşlara giň orun berildi.

Hasabat ýygnagynda wise-premýer Batyr Amanow ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda meýilleşdirilýän we alnyp barylýan iri taslamalary elmydama gözegçilikde saklamagyň, onda häzirki zaman tehnologiýalary ulanmagyň, önümçilik, ösüş meýilnamalarynyň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi. Wise-premýer Batyr Amanow «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, «Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy» ÝGPJ-niň işgärlerine nebitgaz senagatyny ösdürmekde öňde goýlan wezipeleri netijeli çözmekde zähmet üstünliklerini arzuw edip, degişli ugurlarda ýerine ýetirilmeli anyk wezipeleri kesgitledi.

Hasabat ýygnagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda depginli ösüşiň saklanýandygyny belläp, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, «Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy» ÝGPJ-niň alyp barýan işlerini has-da ilerletmek boýunça öz tekliplerini beýan etdi.

Başga habarlar
16a6da02f93b24.jpeg
Mekdep okuwçylarymyz Londonda geçiriljek «iWISE» halkara bäsleşigine gatnaşarlar

Mekdep okuwçylarymyzyň 10-sy 2-7-nji awgust aralygynda “International World Innovative Student Exhibition” (iWISE) halkara platformasynyň döredijilik bäsleşigine gatnaşar. Bu halkara ýaryş Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň London şäherindäki Surreý uniwersitetinde geçiriler.


16a6d92d97e104.jpeg
Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞ

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY.


16a6c7d7725125.jpeg
«Çemmerli» gaz käninde täze senagat gaz akymy alyndy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde ýurdumyzyň Merkezi Garagumda ýerleşýän «Çemmerli» gaz käninde tebigy gazyň täze akymynyň alnandygy baradaky hoş habar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň üstüni ýetirdi.

16a67a1bfe1c4f.jpeg
Belli žurnalist Jon Defterios OGT 2026 maslahatynyň esasy alyp baryjysy bolar

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» (OGT 2026) 31-nji halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri täze tapgyra girdi. Giň gerimli forum «Energiýa. Sazlaşykly hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda 21–23-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçiriler.


16a60f59134cef.jpeg
OGT 2026 halkara sergisi halkara energetika jemgyýetçiliginiň ýokary islegini tassyklaýar

"Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026" (OGT 2026) XXXI Halkara maslahatynyň we sergisiniň açylmagyna üç aý galanda sergi meýdançalarynyň ählisi doly satyldy diýip, çäräni gurnaýjylar habar berýärler. Bu milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň sebitiň iň iri energetika çäreleriniň birine gatnaşmaga bolan ýokary gyzyklanmasyny tassyklaýar.