Ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dürli dabaraly çäreleri geçiriler
1-nji sentýabrda ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dürli dabaraly çäreleri geçirmek, şol sanda Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül desselerini goýmak göz öňünde tutulýar.
Bilim edaralarynda täze okuw ýylynyň başlanmagyna bagyşlanan dabaraly nyzamlar geçiriler. Täze okuw ýylynyň ilkinji okuw sapagyny «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» ady bilen geçirmek meýilleşdirilýär.
1-nji synpa okuwa barýan körpelere Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan «Bilimli» atly kompýuterler dabaraly ýagdaýda sowgat berler.
Aşgabat şäherinde baýramçylygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumyny dabaraly açmak meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda bu baýramçylyk mynasybetli täze bilim edaralaryny açmak ajaýyp däbe öwrüldi. Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Arkadag şäherinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda jemi 13 sany çagalar bagyny, 19 sany orta mekdebi we okuw-terbiýeçilik toplumyny, şeýle hem Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebini, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebini, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebini, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebini hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyny açmak göz öňünde tutulýar.
Bilimler we talyp ýaşlar gününde Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk täze binalar toplumynyň, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5 müň orunlyk döwrebap binalar toplumynyň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanaşyk çäklerinde täze goşmaça okuw binasynyň, umumy ýaşaýyş jaýynyň, sport desgasynyň we aýlawly ýolda monumentiň düýbüniň tutulyş dabaralaryny guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyny belledi. Şeýle hem wise-premýere täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli 1-nji synp okuwçylaryna kompýuterleri dabaraly ýagdaýda gowşurmak üçin zerur çäreleri görmek tabşyryldy.
«Kenardaky» zähmet galkynyşy
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň amala aşyrylmagynda we milli ykdysadyýetimizde belent ösüşleriň gazanylmagynda nebiti gaýtadan işleýän senagata möhüm orun degişlidir. «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy öz önümleri bilen barha meşhurlyga eýe bolýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda ýedi aýyň jemlerine garaldy
2-nji awgustda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
Mekdep okuwçylarymyz Londonda geçiriljek «iWISE» halkara bäsleşigine gatnaşarlar
Mekdep okuwçylarymyzyň 10-sy 2-7-nji awgust aralygynda “International World Innovative Student Exhibition” (iWISE) halkara platformasynyň döredijilik bäsleşigine gatnaşar. Bu halkara ýaryş Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň London şäherindäki Surreý uniwersitetinde geçiriler.
Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞ
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY.
«Çemmerli» gaz käninde täze senagat gaz akymy alyndy
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde ýurdumyzyň Merkezi Garagumda ýerleşýän «Çemmerli» gaz käninde tebigy gazyň täze akymynyň alnandygy baradaky hoş habar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň üstüni ýetirdi.