Habarlar

Türkmenistanda pagta ýygymyna badalga berildi

https://ussatnews.com/storage/posts/5990/original-164feac4906ee2.jpeg

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen 9-njy sentýabrda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda pagta ýygymyna badalga berildi. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, pagta ýygymy Daşoguz welaýatynda 15-nji sentýabrda başlanar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, pagta ýygym möwsüminiň sazlaşykly işini yzygiderli üpjün etmek üçin ýerlerde ulanylýan tehnikalara gije-gündizleýin tehniki hyzmat işleri guraldy, mehanizatorlaryň, sürüjileriň we pagtany el bilen ýygmaga gatnaşýanlaryň öndürijilikli işlemekleri, doly derejeli dynç almaklary üçin ähli zerur şertler döredildi.

Kabul ediş bölümleri we pagta arassalaýjy kärhanalar täze hasyly kabul etmäge taýýarlanyldy. Olaryň ýanynda ýerleşýän barlaghanalarda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň hünärmenleri gelip gowuşýan önümiň hiliniň ýokary derejede barlanylmagyny üpjün ederler

2023-nji ýylyň pagta ýygym möwsüminde Türkmenistanyň partiýalary, şeýle hem jemgyýetçilik guramalary öňdebaryjy kärendeçileriň, mülkdarlaryň, ýer eýeleriniň, kombaýnçylaryň we sürüjileriň alyp barýan işlerini höweslendirerler.

Şu gün Ahal, Lebap, Mary we Balkan welaýatlarynyň kabul ediş bölümlerine, pagta arassalaýjy zawodlaryna üsti “ak altyn” hasyly bilen doldurylan awtoulaglaryň hem-de tirkegli traktorlaryň ilkinji kerwenleri geldi. Olar Döwlet baýdagy, halylar we şygarlar bilen bezelipdir

Halkymyzyň asylly däbine görä, hormatly ýaşulular hasylyň ýygnalyp başlanmagyna ak pata berip, döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda täze zähmet ýeňişlerine tarap öňe barýan Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň abadançylygyny we gülläp ösmegini Beýik Biribardan dileg etdiler.

Başga habarlar
16ae5c52651478.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.


16ae44f798e7c2.jpeg
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.


16ae430966182c.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.

16ae1e9948dcab.jpeg
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar

Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.


16adf70c337cb8.jpeg
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.